Premýer ministr Erdogan Barzanini gutlady

Premýer ministr R.T.Erdogan Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň 8-nji hökümetini guran Premýer ministr Neçirwan Barzainini gutlady

102907
Premýer ministr Erdogan Barzanini gutlady

Premýer ministr R.T.Erdoganyň ugradan gutlag ýüzlenmesi Kürt Awtanomiýasynyň resmi saýtynda çap edildi.
Erdogan ýüzlenmesinde “Täze hökümetiň Yragyň halky üçin asudalyk we bagtyýarlyk getirmegini dileýärin. Wezipäňizi mundan beýlägem üstünlik bilen berjaý etjekdigiňize doly ynanýaryn. Eden ykdysady galkynyşyňyzyň we ösüşiňiziň dowame etmegini arzuw edýärin. Özara gatnaşyklarymyzyň täze hökümet bilen hem ösüp, giňeljekdigine ynanýaryn” diýýär.
Türkiýäniň howpsyzlyk boýunça hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini we beren sözlerinden egilşik etmejekdigini nygtan Erdogan Yrakda howpsyzlygy üpjün etmek üçin ediljek başlangyçlaryň goldanmalydygyna ünsi çekdi.
Premýer ministr Erdogan Barzaniniň ýolbaşçylygyndaky täze hökümetiň türkmenleriň hukuklaryny hem gorajakdygyna doly ynanýandygyny belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar