Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Tanzaniýa bardy

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Alžire guran saparyndan soň Tanzaniýa bardy

77091
Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Tanzaniýa bardy

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Alžire guran saparyndan soň Tanzaniýa bardy.
Ahmet Dawutogly Tanzaniýanyň paýtagty Darüsselamda Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Bernard Membe bilen duşuşar.
Dawutogly soň bolsa Deňiz güýçleri serkerdeliginiň 2014-nji ýyldaky iş meýilnamasynyň çäginde Darüsselam portuna baran Barbaros Türk deňiz toparynyň agzalary bilen duşuşar.
Tanzaniýadaky ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen hem duşuşjak Dawutogly ertir Zenzibar Adasyna barar we Tantaziýa tabynlykdaky Zenzibar Awtonomiýasynyň Prezidenti Dr. Ali Muhammed Şeýn bilen duşuşar.
Daşary işler ministri Dawutogly Darüsselamda Jibutiniň, Eriträniň, Efiopiýanyň, Sudanyň, Ugandanyň we Türkiýäniň Tanzaniýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçileri bilen duşuşar we sebitara meseleler hakynda maglumat berer.
Türkiýe bilen Tanzaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geçmişi taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýär.
İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary soňky ýyllarda uly ösüş edip 183 million dollara barabar boldy we iki ýurt söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin tagalla edýär.
Osman döwleti bilen häzirki Tanzaniýa tabynlykdaky Zenzibar adasynyň soltanlarynyň arasyndaky ilkinji resmi gatnaşyk Soltan Abdylhamit 2-nji döwründe 1878-nji ýylda başlady we Osman döwleti ýykylýança dowam etdi.
Türkiýe Respublikasynyň gurulmagyndan soň Tanzaniýa bilen ilkinji diplomatik gatnaşykalr bolsa 1963-nji ýylda başlady.
1985-nji ýylda ýapylan Türkiýe Respublikasynyň Tanzaniýadaky ilçihanasy 2009-njy ýylyň 18-nji maýynda ýaňadandan açyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar