Ýer astyndaky işler bes edildi

İş Gözegçiligi geňeşiniň gözegçileri Soma etrabynda derňew işlerini geçirdi

69094
 Ýer astyndaky işler bes edildi

3 baş iş gözegçisi halas ediş işleriniň tamamlanmagyndan soň ýaňadandan daş kömür magdanyna girdi.

Geçirilen derňewleriň netijesinde, ýangynyň dolulygyna öçmändigi anyklandy, şeýle-de magdan käniniň howalandyryş, gaz ulgamy we çydamlylygyň soňky ýagdaýy seljerildi.

İş gözegçiligi geňeşi, geçirilen gözegçilik işleriniň netijesinde magdan käniniň howpsyzlygyny üpjün etmek we heläkçiligiň galyndylaryny arassalamakdan daşgary ýeriň aşagyndaky ähli işleriň bes edilmegine karar berdi.

İş gözegçiligi toparynyň derňew işleri dowam edýär. Şeýle-de iş sagatlarynyň möhletleri we aýlyk haklary bilen birlikde işiň alynyp barylyşy taýdan derňew işini geçirmek üçin ik gözegçi bellenildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar