Erdogan ynsanperwer kömek guramalaryna sagbolsun aýtdy

Premýer ministr R.T.Erdogan Owganystanda ýeriň süýşmegi sebäpli şol ýurda giden Ýarym gyzylaý jemgyýetine, AFAD we İHH ýaly ähli ynsanperwer kömek guramalaryna sagbolsun aýtdy

63812
Erdogan ynsanperwer kömek guramalaryna sagbolsun aýtdy

Erdogan Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Tebigy apatlar we Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy guramasynyň guramagynda Stambulda geçirilen “Tebigy apatlara taýar mekdep kampaniýasynyň” tanyşdyrlyş dabarasynda, kampaniýanyň ýurt we millet üçin bähbit getirmegini arzuw etdi.

Doganlyk ýurt Owganystanda ýeriň süýşmegi netijesinde aradan çykanlara alladan rehnet, hossarlaryna, bütin owgan halkyna sabyrlylyk dilän we duýgudaşlyk bildiren Erdogan Türkiýäniň Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň Owganystandaky tebigy apatdan soň gysga möhletde işe girişen guramalardan biridigini aýtdy.

Türk ynsanperwer kömek guramalarynyň Owganystanda tebigy apatdan ejir çekenlere kömek bermäge dowam edýändigini nygtan Erdogan, Ýarym gyzylaý jemgyýetini başdan geçirilýän tebigy apatlarda wakanyň bolan ýerine ilkinjileriň hatarynda barýan, ejir çekenlere kömek elini uzadýan ilkinji guramalardan birine öwürendiklerini belläp geçdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar