Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy 50 ýyllyk ýubileýini bell
İlki radio ýaýlymlaryna başlan TRT, sonky ýyllarda goýlan maýa goýumlary bilen 13 teleýaýlyma we onlarça radio ýaýlymlaryna eýe
Prezident Abdulla Gül jemgyýetçilik ýaýlym jogapkärçiligine eýe bolan TRT-ä gutlag ýüzlenmesini ugratdy.
Gül TRT-niň radio we telewideniýe ýaýlymlarynda Türkiýede öňbaşçy pozisiýa eýedigini nygtady.
Abdulla Gül mazmunly we ýokary hili gepleşikleri bilen jemgyýetiň giň gatlaklaryna ýüzlenýän TRT-niň milli we halkara arenada ýeten sepgidiniň kanagatlandyryjydygyna ünsi çekdi.
Prezident Abdulla Gül TRT-niň jemgyýetçilik ýaýlym üstünligine-de aýratyn ünsi çekdi.
Gül ýarym asyry yzda galdyran ýaýlym geçmişinde köp sanly başlangyçlary durmuşa geçiren TRT-nin, hilden we jogapkärçilikli jemgyýetçilik ýaýlymyndan egilşik etmän, hem ýurduň içindäki hem-de dünýäniň dürli künjeklerindäki raýatlarymyza hyzmat edýändigini nygtady.
Wise-premýer Bülent Arynç hem TRT-niň 50 ýyllygy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde TRT-niň jemgyýetçilik ýaýlym jogapkärçiligini döwrebap şertlerde berjaý edýän gurama hökmünde 50 ýyllygyny buýsanç bilen belläp geçýändigini beýan etdi.
Bülent Arynç TRT-niň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini nygtap “TRT, döwrebap Türkiýäniň aýnasy, köp sesliligiň, pikir we söz azatlygynyň, ýokary derejeli we ynamdar ýaýlym tejribäniň nusgawy guramasy” diýip nygtady.