23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy

Milli häkimiýet we çagalar baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

61004
23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy

Şu gün 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy.

Milli häkimiýet we çagalar baýramy Türkiýäniň çar tarapynda, DKTR-da we Türkiýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasibetli döwlet ýolbaşçylary we syýasy partiýalaryň wekilleri gutlag ýüzlenmelerini çap etdi.

Prezident Abdulla Gül dünýädäki ähli çagalaryň söweşden, açlykdan we dartgynlykdan uzak ýagdaýda ýaşamaklarynyň parahat dünýäniň hem gapylaryny açjakdygyny aýtdy.

TBMM-niň Başlygy Jemil Çiçek gutlag ýüzlenmesinde hem çagalaryň baýramyny mähirli gutlady hem-de 1920-njy ýylyň 23-nji apreliniň täze Türk döwleti taýdan uly öwrülşigi ýany bilen alyp gelendigini nygtady.

Premýer ministr R. T. Erdogan hem gutlag ýüzlenmesinde Mejlisiň demokratiýa taýdan has kämil konstitutsiýany kabul etjekdigini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar