Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 123

Ewren Türkiýäniň soňky 35 ýyllyk taryhyna agyr miras galdyrdy

285877
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 123


1980-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda edilen harby hökümet agdarlyşygy bilen Türkiýede raýat dolanşygyny ýykan we harby dolanşygy guran huntanyň lideri Kenan Ewren 98 ýaşynda aradan çykdy. Käbir halkara media organlary tarapyndan Çiliniň Pioneçesine meňzedilen Ewren, Türkiýäniň soňky 35 ýyllyk taryhyna agyr miras galdyrdy. Harby agdarlyşykdan soň anti-demokratik dolanşyk gurup, özi hem şol dolanşyga Prezidentlik etdi. Ewreniň harby hökümet agdarlyşygy diňe bir döwrüň raýat hökümetini we mejlisini agdarmak bilen çäklenmedi. Şu günki günde-de güýjüni saklaýan 1982-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýany çykardy. 1982-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýa raýat we demokratik ulgamy bes edip, ýerine basyş ediji, militarist we totolitar ulgam döretdi. Azatlyklar çäklendirildi, ýüzlerçe adam dara asyldy, gynaldy we günäsiz ýerden azatlykdan mahrum edildi. Ewren 3 ýyl agdarlyşyk we 7 ýyl Prezidentlik döwründe türk içeri hem-de daşary syýasatyny öz ygtyýaryna görä ugrukdyrmaga synanşdy. Içeri syýasatda militarist gurluşy legallaşdyrmak maksady bilen syýasy, dini we bilim modelini durmuşa geçirtmäge, daşary syýasatda bolsa Türkiýä sebitleýin hem-de global roluny oýnatmaga synanşdy.
Emma Ewreniň ähli içeri we daşary syýasat başlangyçlarynda doly üstünlik gazanandygyny aýtmak kyn. Mysal üçin 1983-nji we 1987-nji ýyldaky saýlawlarda aç-açan goldaw beren partiýalary üstünlik gazanyp bilmedi. Türkiýäniň arap we musulman ýurtlary bilen ýakynlaşmagyny islemeýändigine garamazdan onuň öňüne geçip bilmedi. Bu iki netije Ewreniň harby güýjüniň mizemez we çäksiz däldigini görkezýär. Hatda Kenan Ewren we 12-nji sentýabr agdarlyşygynyň aslyna seredilende türk içeri we daşary syýasatynyň çäklerinde amala aşandygyny aýdyp bileris.

Şeýlelikde Ewreniň hökümetine Türkiýäniň içeri we halkara şertlerine doly göz ýetirmeden düşünmek kyn bolsa gerek. Hatda Ewren we agdarlyşygynyň Türkiýäniň içeri hem-de halkara şertleriniň netijesidigi ünsden düşürilmeli däl. Agdarlyşygyň sebäbi hökmünde kabul edilip bilinmejek şol şertler Ewrene we hunta güýç berip, ugrukdyrýar. Ilki bilen Türkiýäniň agdarlyşykdan ozal başdan geçiren dartgynlygy we syýasy haosy agdarlyşyga sebäp görkezildi. Döwrüň syýasy partiýalarynyň we liderleriniň başarnyksyzlyklary bagyşlanardan uludy.
Içeri syýasat taýdan has gynandyryjy we pikirlendiriji tarapy harby agdarlyşyga garşy halkdan we jemgyýetçilik guramalaryndan güýçli garşylyk görkezilmändi. Döwrüň ykdsady, ylmy we media hojaýynlary harby agdarlyşyga dymmak bilen syn etdiler. Iň esasysy Ewren tarapyndan gönüden göni ýazdyrylan 1982-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýa referendumda 92 göterim ses bilen kabul edildi. Bu netije harby hökümetiň halkyň legallygyna eýe bolandygyny görkezýär. Käbir hünärmenler şol netijäniň harby basyş we Ewreniň ugrukdyrmasy sebäpli ýüze çykandygyny ýazdylar. Käbirleri bolsa agdarlyşykdan ozalky basyşyň we haosyň ortadan aýrylandygy üçin halkyň agdarlyşyga we konstitutsiýa goldaw berendigini öňe sürdi. Iki garaýyş hem dogry bolmak bilen birlikde Ewrene we agdarlyşyga jemgyýetçiligiň goldaw berendigini görkezýär.
Ewreniň üstünlik gazanmagyndaky beýleki bir faktor halkara şertler hem-de goldawlardyr. 12-nji sentýabr harby agdarlyşygynyň; 1979-njy ýyldaky Eýran ynkylaby, 1980-nji ýylda Sowet Soýuzynyň Owganystany basyp alan we 1980-nji ýyldaky Eýran-Yrak urşy döwründe bolandygyny nygtamak ýerlikli bolsa gerek. Şol halkara wakalar Türkiýä golaý sebitlerdäki ýurtlara düýpli täsir ýetirip, durnuksyzlyk emele getirýär. Türkiýäniň şol döwürdäki içerki durnuksyzlygy we haos sebäpli halkara durnuksyzlygyň gyrasynda durandygyny aýdyp bileris. Türkiýäniň NATO agzadygy, kapitalist ulgamyň esasy aktýorlaryndan biridigi we ABŞ-nyň sebitdäki esasy hyzmatdaşydygy hem ünsden düşürilmeli däl.
Ewrene we harby hökümete halkara ulgamynyň deňagramlylygy güýçli täsir ýetirýär. Ewren we harby huntanyň ýolbaşçylary esasanda günbatar dünýäsinde uly abraýdan peýdalanýarlar. Günbatar dünýäsiniň Ewrene we harby hökümet agdarlyşygyna görkezen reaksiýasy iki görnüşde bolýar. ÝB-niň guramalary we jemgyýetçilik guramalary bilen ABŞ-nyň adam hukuklary guramalary Ewreni hem-de agdarlyşygy berk ýazgarýar, maliýe hem-de syýasy ýollardan jezalandyrmaga synanşypdyrlar. Mysal üçin Türkiýänin ÝB we Ýewropa Geňeşi bilen gatnaşyklary bes edilýär. ÝB-däki we ABŞ-daky jemgyýetçilik guramalary Ewrene we agdarlyşyga demokratiýa hem-de adam hukuklaryna äsgermezçilik edendigi sebäpli garşylyk görkezýärler. Emma beýleki tarapdan günbatar döwletleri Ewrene we agdarlyşyga kotagoriki taýdan garşylyk görkezmeýärler. Diňe ýumşak duýduryşlar beripdirler. Mysal üçin NATO we hyzmatdaş döwletleriň käbirleri Türkiýä harby kömek bermäge dowam edipdirler, emma şol bir wagtda demokratiýa dolanyp barmak barasynda Ewrene basyş edipdirler.
Jemläp aýdanymyzda Ewren we harby agdarlyşyk hem tejribesi hem-de çäkleri taýdan şol günüň şertlerine laýyklykda seljerilmeli. Emma hiç hili şert Ewreniň Türkiýäniň taryhyna uran agyr zarbasyny bagyşladyp bilmez. Ewren indi taryha öwrüldi. Emma gussaly mirasy 33 ýyldan bäri ýaşaýar. İndi nobatda 1982-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýanyň taryhyň zibilligine taşlanmagy bar. Şu günki güne çenli onuň hötdesinden gelen syýasatçylar mundan soňam oňarmazmykalar? Ony wagt görkezer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar