Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 112

Minsk ylalaşygy

226567
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 112

Ukraina krizisiniň çözülmegi maksady bilen Minskde geçirlen gepleşiklerde ylalaşyk gazanyldy.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olandyň töwellaçylyk etmeginde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Poroşenkonyň arasynda geçirlen gepleşiklerde 13 maddalyk parahatçylyk şertnamasyna gol çekişildi. Şertnama esasan hem söweşiň başdan geçirilýän ýerleri bolan Lugansk we Donetsk welaýalatynda 15-nji fewraldan başlap ot açyşlygyň bes edilmegini, agyr ýaraglaryň çekilmegini, saýlawlaryň geçirilmegini we Ukrainanyň hökümetine utgaşyklygyň ýola goýulmagy etabyny öz içine alýar. Şol etabyň Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan gözegçilik edilmegi we habarnama taýarlamagy kabul edildi. Şeýlelikde 1 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän Ukraina urşunyň bes edilmegi, söweşijileriň ýaragsyzlanmagy we Russiýanyň front liniýasyndan çekilmegi meýilleşdirilýär. Emma bu parahatçylyk şertnamasynyň oňyn netije berip bermejekdigi, netijeli bolan halatynda hem adalatly bolup bolmandygy we esasan hem Russiýanyň bu etapda uly bähbit gazanjakdygy barada dürli garaýyşlar berilýär. Hatda käbir töwerekler şertnama arkaly Russiýanyň ýeňişini yglan edendigini we adalatsyz netijä sebäp bolandygyny öňe sürýär.


Marmara uniwersitetiniň Syýasat bilimi we halkara gatnaşykalar bölüminiň mugallymy Prof. Dr. Ramazan Gözeniň mesele baradaky analizi


Dogry Minsk şertnamasy Ukrainany söweşden ozalky ýagdaýyna getirip bilmeýşi ýaly, Russiýa birleşdirlen Krym sebiti barada hem hiç hili üýtgetmäni öz içine almaýar. Şertnama oňyn netije beren halatynda hem Ukrainanyň özbaşdaklygy doly amala aşyrlyp bilinmez. Ukrainanyň hökümeti ne Donetsk we Lugansk sebitlerine ýurduň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly höküm edip biler, ne-de Krym we Garadeňiz kenarlaryndaky täsirine ýaňadandan eýe bolup biler. Bu hem Ukrainanyň söweşden ozalkysy ýaly özbaşdak bolup bilmejekdigini görkezýär hem-de Russiýanyň Ukraina ýetirýän täsiri hem bir manyda subut edilen ýaly bolar. Russiýa mundan başgada şertnama arkaly ÝB-ne agza ýurtlar Fransiýa bilen Germaniýa ýetirýän täsirini hem açyk aýdyň görkezdi. Russiýa Minsk şetnamasy arkaly harby syýasatyny Ýewropalylara we günbatatly ýurtlara kabul etdiren bolýar. Şol sebäpli hem adalatly şertnama boldy diýlip bilinmez.
Emma her bir wakda bolşy ýaly Ukraina meselesine hem başga nukdar nazarlardan we mümkin gadar obýektiw seljermek gerek. Minsk şertnamasyny “erbediň gowysy” hökmünde görmek gerek we şol erbetligiň sebäplerini seljerip geljekde ortadan aýyrmak bilen mümkindir. “Erbediň gowysy” bolan Minsk şertnamasy bir ýyldan bäri dowam edýän urşy bes edip we sebitara durnuksyzlygy ortadan aýyryp biler. Bu uruş şu günki güne çenli esasan hem Ukrainanyň uly ýitgi çekmegine sebäp boldy we eger bes edilmän halatynda has uly ýitgilere hem sebäp bolmak ähtimallygy ýokary. Ukrainanyň we Russiýanyň tarapdarlarynyň bu urşy dowam etdiren halatynda taraplardan biriniň doly ýeňiş gazanmagynyň mümkin bolmaýşy ýaly, taraplaryň has köp ýitgi çekmegini gutulgusyz ýagdaýa getirer. Edil 1980-1988-nji ýyllarda Eýran-Yrak urşunda bolşy ýaly Ukraina urşundaky ýarag we güýç deňagramlylygy, iki tarapyň hem uly ýitgi çekmegine sebäp bolup biler. Şol sebäpli hem deňagramlylyk urşuny has köp dowam etdirmegiň ýerine bir ýerde parahatçylyk üçin ylalaşmak ýerlikli bolar. Türkiýäniň Milli azat edijilik söweşinde Gresiýa we oňa goldaw berýän ýurtlar bolan Britaniýa we Fransiýa bilen söweşi dowam etdirmegiň ýerine Montro we Lozanna şertnamalaryny baglaşmagyny hem mysal hökmünde görkezip bileris.
Ukraina urşunda Russiýanyň harby güýjüniň täsirli bolandygyny aýdyp bileris. Emma Russiýanyň näme üçin bu netijäni kabul edendigini hem analiz etmek gerek. Russiýanyň Ukraina hüjüm etmeginde ilkinji nobatda ÝB-niň Russiýa tarapyndan goldaw berlen Ýanukowiçi agdarmagy, soň bolsa ÝB-niň, ABŞ-nyň we NATO-nyň Russiýa harby taýdan basyş edip bilmezligi esasy rol oýnaýar. ABŞ bilen NATO-nyň Russiýa harby operasiýa guramazlygynyň sebäbine düşünmek kyn däl. Eger harby taýdan garşylyk görkezilen bolsady söweşiň has-da güýçlenmek howpy bardy.
Günbatarly ýurtlar Russiýa harby taýdan garşylyk görkezmegiň ýerine sanksiýa goýmagy saýlap aldy. ÝB, ABŞ we Günbatarly ýurtlar Russiýanyň ykdysadyýetine, söwda, maliýe we energetika pudagyna sanksiýa goýmak bilen howp saldy. Russiýada has uly kynçylyk emele getirildi, nebit bahalarynyň soňky aýlarda has pese gaçmagyna sebäp boldylar. Aslynda Minsk şertnamasy şol embargolaryň Russiýada uly kynçylyk emele getirendigini görkezýär. Günbatarly ýurtlaryň harby garşylygyň ýerine ýumşak güýç taktikasyny alyp barmagynyň Russiýada uly kynçylyk emele getirendigini görmek bolýar.
İnha şol sebäpli hem Russiýanyň Minsk şertnamasyny baglaşmaga mejbur bolandygy aýdylyp bilner.
Şol nukdaý nazardan hem Minsk şetnamasyny “Russiýanyň ýeňişi hökmünde däl, sanksiýalar sebäpli mejbur bolandygy üçin kabul etdi” hökmünde görmek mümkin. Eger şeýle bolsa onda ÝB, Ukraina we Günbatarly ýurtlaryň Russiýa egilşik etmegi däl, Russiýanyň mejburlygy hökmünde analiz edilip bilner. Her bir şertnamada bolşy ýaly Minsk şertnamasy hem ýoluň soňy däldir. Öňümizdäki günlerde täze adaty we atdan daşary ýagdaýlar ýüze çykmagy mümkin. Bu şertnamada kimiň ýeňiş gazanandygyny şol ýagdaýlar ýüze çykarar. Eger şertnama Russiýanyň ýeňişi bolsa onda Ukraina we Günbatarly ýurtlara agyr günler garaşýar. Ýok eger Russiýa şertnamany sanskiýalar sebäpli kabul eden bolsa onda Russiua üçin has agyr günler garaşýar.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar