Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 108

Parižde guralan hüjümler we soňky wakalar Türkiýede hem-de dünýäde täze diskussiýalaryň başyny başlatdy

203270
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 108


7-nji ýanwarda Parižde guralan hüjümler we soňky wakalar Türkiýede hem-de dünýäde täze diskussiýalaryň başyny başlatdy. Yslamafobiýa we musulmar baradaky şol diskussiýalarda iki garaýyş öňe saýlanýar. Käbirleri meseläniň sebäbiniň günbataryň imperalizmidigini, käbirleri bolsa musulmanlaryň meselesidigini öňe sürýär. Birinji topar günbataryň ýalňyşlyklaryny tankyt edýän bolsa, ikinji topar musulmanlaryň ýalňyşlyklaryny tankyt edýär.
Şol iki çemeleşme ýalňyş bolmasa-da ýeterlik däl. Çünki şol çemeleşmeler meseläni gara ýa-da ak hökmünde görýär. Araplary kategoriýalaşdyryp, dolulygyna günäkärleýär we bir taraply garaýyşa eýe. Eýsem sosial meseleler umuman çal reňklidir we her bir jemgyýet, her bir medeniýet geterogendir. Sosial we halkara gatnaşyklar biri-birine täsir ýetirýändigi üçin hem umuman kollektiwdir. Şol sebäpli hadysalara düşünmek üçin onuň ähli taraplaryny we sebäplerini seljermek gerek. Dogry we adalatly çemeleşme ine şeýle bolmaly. Şu jähtden yslamafobiýa we terror ýaly meseleler barada dogry hem-de adyl bolmak üçin hadysanyň ähli taraplary seljerilmeli.
Yslamafobiýa we terror meseleleri analiz edilýärkä goýberilýän iň uly ýalňyşlyk, musulmanlary ýa-da günbatary bir reňkden emele gelýän massa hökmünde kabul edip, ählisini günäkär saýýar. Aslyna garalanda musulmanlar ýa-da günbatarlylar bilen başlaýan her bir günäkärleýiji we öwüji sözlem ýalňyş. Eýsem musulmanlar 1,7 milliard, günbatarlylar bolsa 1 milliarda golaý ilatdan ybarat bolup, iki massanyň düzüminde-de gowularam, erbetlerem bar. Günbatarda musulmanlary terror bilen deňeşdirenleriň bolşy ýaly, parahatçylygy söýji hasaplaýanlaram bar. Musulman ýurtlarynda-da günbatarlylary ýigrenýänleriň bolşy ýaly, günbatar bilen integrirlenmegiň tarapynda durýanlaram bar. Haýsy mysal berilse, berilsin massanyň ählisine degişli bolup bilmez. Ähliumumy hukugyň başlangyç ýörelgesi bolan jenaýatlaryň şahsylygy düzgüni şol baglanşdyrmany kabul etmeýär.
Şahsy pikirleriň we aksiýalaryň hiç haýsysy şol köplüge wekilçilik etmez. Sebäbi ne günbataryň gymmatlyklary ähli günbatarlylar tarapyndan doly düşünildi, analiz edildi we durmuşa geçirilip bilindi, ne-de yslamyň gymmatlyklary ähli musulmanlar tarapyndan doly özleşdirilip, analiz edildi we durmuşa geçirildi. Musulmanyň gurhandan we hadysdan peýdalanyp eden herketleri gurhany we Hezreti Muhammedi beýan etmeýşi ýaly, bir hristianyň ýa-da musaýynyň injili ýa-da töwrady peýdalanyp eden işleri Hezreti İsany ýa-da Hezreti Musany beýan etmez.
Şeýlelikde Pariždäki terrorçylykly hüjümi guran Kuwaşi doganlaryň gurhany we Hezreti Muhammedi beýan etmeýişi ýaly, Norwegiýadaky hüjümi guran Breawikiň aksiýalary Hezreti İsany, Ysraýylyň aksiýalary Hezreti Musany beýan etmez. Şahsy hereketler şahsydyr, mukaddes tekstlerde we gymmatlyklarda ýalňyşlygyň bardygyny aňlatmaz. Kuwaşi, Breawik we Ysraýyl tarapyndan guralan aksiýalar sebäpli ähli musulmanlary, hristianlary we ýehudileri günäkärlemek bolmaz.
Çünki dini we mukaddes gymmatlyklaryň ähli görnüşde hyýanatçylykly peýdalanylmagyna ýa-da äsgermezçiligine garşy durmak adamzadyň umumy bähbidine goşant goşar. Günbatar medeniýetinde mukaddes ynançlara sökmek gadagan bolsa, yslamda-da şonuň ýaly gadagandyr. Şol ähliumumy we gumanitar düzgüni berjaý etmek iňnän möhüm. Elbetde pikir we söz azatlygy hem möhüm. Emma ähliumumy söz azatlygy ýörelgesi mukaddesliklere äsgermezçilik etmegi öz içine almaýar. Esasanda söz azatlygynyň milli ýa-da halkara derejesinde haos emele getirjek görnüşde peýdalylmaly däldigi barasynda giň konsensus bar.
Pariž hüjüminden soňky wakalar bilen bagly beýleki bir möhüm faktor meselesindäki aslyna garalanda kollektiw hadysa bolanlygynyň ünsden düşürilmegi. Aslynda Pariž hüjümine mahsus waka 200 ýyllyk günbatar-musulman dünýäsi gatnaşyklarynda başdan geçirilen köp sanly ýalňyşlykdan garaşsyz däl. Pariž hüjümi pikir edilýärkä esasanda Fransiýanyň 1800-nji ýylaryň başyndan bäri musulman ýurtlaryny basyp almagy, Alžirdäki imperializmi ünsden düşürilmeli däl. Soňky döwürde ABŞ-nyň Yragy basyp almagy, Ysraýylyň Palestinany basyp almagy, Siriýadaky içerki uruş we ýene-de ençeme mysalyň Al kaýda ýaly guramalar tarapyndan peýdalanylýandygy hem inkär edilip bilinmez. Bu mysallar elbetde terrora sebäp görkezilip bilinmez. Emma meseleleriň çuňňur we kollektiwligini görkezýär.
Şol jähtden iň möhümi günbatar ýurtlary bilen käbir musulman ýurtlarynyň ýa-da toparlaryň arasyndaky halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar. Sowuş uruşda durmuşa geçirilen Ýaşyl guşak taslamasy, esasanda Owganystanda Sowet Soýuzyna garşy mujahitlere goldaw berilmegi, şu günki meseleleriň kollektiw özenini emele getirýär. Şol hyzmatdaşlyklar taryhda galdy, emma Owganystan, Yrak, Siriýa meseleleri sebäpli ýüze çykan Al Kaýda we YSYS ýaly guramalaryň pozisiýasy ünsden düşürilip bilinmez.
Beýleki bir möhüm mesele Kuwaşi doganlar ýaly adamlaryň günbatar ýurtlarynyň raýaty bolmagy. Al Kaýda ýa-da YSYS-a Germaniýadan, Fransiýadan we Britaniýadan gelýänler şol ýurtlaryň bilim, sosiologiýa ugurlarynyň hat-da içeri syýasatlarynyň seljerilmegini talap edýär. Elbetde şol ýurtlaryň terrorçy ýetişdirýändigini aýdyp bilmeris, şeýle adamlaryň nähili ýüze çykýandygyny anyklamak üçin. Bu mesele diňe musulmanlaryňky däl, aslyna garalanda günbatarlylar hem özlerine tankydy nukdaý nazardan çemeleşmeli. Şeýlelikde birsydyrgyn we kategoriki günäkärlemelerden gaça durmak hem-de meseleleriň aslynda özara täsiriniň netijesidigine düşünmek mümkin bolar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar