Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 106

Ýakyn Gündogaryň taryhynda we syýasatynda öňe saýlanýan meseleler

179215
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 106

Soňky döwürde Ýakyn Gündogaryň taryhynda we syýasatynda dört mesele öňe saýlanýar. 1- Arap Baharynyň netijesizligi, 2- Arap-Ysraýyl çaknyşygynyň dowam etmegi, 3- Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça ýetilen sepgit, 4-Türkiýe mekezli çözgüt etaby.
Elbetde giň geografiýa we köp ilata eýe bolan Ýakyn Gündogar barasynda teoriki we konkret mysallar arkaly tapawutly analizler berilip bilner. Emma ähli analizler barybir şu dört meselä gelip direýär. Elbetde Ýakyn Gündogaryň syýasy oýunçylary hem ýatdan çykarylmaly däl. Sebitiň global derejedäki oýunlary ABŞ, Russiýa, Ýewropa we Hytaý bolýan bolsa, sebitleýin derejedäki esasy oýunçylary Türkiýe, Eýran, Saud Arabystany, Müsür, Ysraýyl we Katar. Soňky döwürde Ýakyn Gündogaryň taryhynyň we syýasatynyň şol döwletler tarapyndan ugrukdyrylýandygyny nygtamak ýerlik bolar. Şolar bilen birlikde Musulman doganlar, Hamas, Kürt Awtanomiýasy halkara Ysraýyl lobbisi we YSYS ýaly döwlete degişli bolmadyk oýunçylar hem bar. Emma olaryň döwletlerden garaşsyzdygyny aýtmak mümkin däl. Soňky döwürde şol oýunçylaryň çäginde ugrukýan Ýakyn Gündogaryň taryhyny we syýasatyny ine şeýle beýan edip bileris.

Soňky döwürde Ýakyn Gündogaryň syýasatynyň özeninde 2003-nji ýylda ABŞ-nyň Yragy basyp almagy we ondan soň başdan geçirilen wakalar durýar. ABŞ-nyň nähak we netijesiz Yrak operasiýasy sebitde Amerika we günbatar bolan garşylyklary güýçlendirdi. Şol garşylyklaryň bir bölegi döwlet syýasatynda, bir bölegi hem halkyň çemeleşmesinde görüldi. Mysal üçin Eýranyň ýadro güýç edinmek baradaky başlangyçlary we güýçlenýän pozisiýasy bilen arap ýurtlaryndaky rejimlere garşy halk hereketleri ýaly… Olara Yragyň iş ýüzünde bölünmegini, kürt syýasy hereketiniň we terror guramasy PKK-nyň güýçlenmegini we Hamasyň Ysraýyla garşy aksiýalarynyň artmagyny hem goşmak mümkin. Şeýlelikde 21-nji asyryň birinji on ýylynda sebitiň esasy meseleleri şulardy: Eýranyň harby, tehnologik we syýasy güýjüniň Yraga, Liwana we Palestina ýaýramagy, kürt syýasatynyň we terroryň Yragy we Türkiýäni biynjalyk etmegi, Palestina meselesiniň çykgynsyz bolmagynda galmagy, Owganystanda ornaşan Al Kaýda terrorynyň Yraga we beýleki ýurtlara ýaýramagy. Jemläp aýdanymyzda 2010-njy ýyla gelinende Ýakyn Gündogar ABŞ we hyzmatdaşlary bilen Eýranyň we oňa goldaw berýän Russiýanyň, Hytaýyň hem-de hyzmatdaşlarynyň arasynda göreş meýdanyna öwrüldi.
Obamanyň 2009-njy ýylda Prezidentlige saýlanmagyndan son sebiti oňyn, hat-da üýtgedip gurmak taýdan iki sany möhüm waka başdan geçirildi. İlki Türkiýe we ABŞ Nusgawy hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde sbitdäki ähli meseleleriň parahatçylykly hem-de durnuklylyk arkaly çözülmegi üçin hyzmatdaşlyk etmäge başladylar. Şol çäkde Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky hökümet möhüm we taryhy parahatçylyk başlangyçlaryny etdi. Erdogan we Obama: Yrak, Siriýa, Palestina, Liwan hat-da Ermenistan-Azerbaýjan meselelerini çözmek üçin möhüm başlangyçlary durmuşa geçirdi. Şol başlangyçlaryň ilkinji oňyn netijeleri: Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesiniň çözülmegi, Yragyň ýaňadandan durnuklaşmagy we Palestina meselesiniň BMG-nyň ýörelgelerine laýyklykda çözülmegi baradaky umytlardy.
Obamanyň öňbaşçylyk etmegindäki ikinji möhüm waka, Arap baharynyň başlamagydy. Tunisde başlan parahatçylykly we durnukly demokratiýalaşma etaby Müsürde tutaşdy. Arap baharynyň başlangyç pelsepesi: demokratiýa, adam hukuklary, parahatçylykly we durnukly özgerlişik ideýalaryny bütin sebitde amala aşyrmakdan ybaratdy. Aslyna seredilende ol sebitleýin aýdyňlanma tapgyrynyň uçgunydy. Edil Sowuk uruşdan son Gündogar we Merkezi Ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly, Ýakyn Gündogarda hat-da musulman dünýäsinde-de aýdyňlanmanyň hem-de döwrebaplaşmanyň ýola goýulmagyna garaşylýardy. Şol jähtden sebite syýasy baharyň gelme ähtimallygy bardy.
Emma Arap baharynyň şol umytlary we ähtimallyklary beýleki ýurtlarda ýaýbaňlanmaýşy ýaly başlan ýurtlarynda-da söndi. İlki bilen Liwiýa we Siriýa tapgyrlarynda Arap bahary etabyna ýarag we gan bulaşdy. Liwiýada Kaddafiniň häkimiýeti diňe halkara we ýaragly çäreleriň netijesinde agdaryldy. Emma onuň ýerine berk we durnukly hökümet gurlup bilinmedi. Bu taýdaky esasy mesele ýerli harby güýçleriň arasyndaky bölünşikler we çaknyşyklardy. Siriýa meselesi bolsa has-da ýumrujy we bökdeýji rol oýnady. Siriýanyň oppozisiýasy bilen hökümetiň arasyndaky göreş daşardan goşulyşmalara we içerki urşuň turmagyna sebäp boldy. Siriýa haosy hem özüne hem-de sebitdäki ýurtlara ýaramaz täsir ýetirdi. Bularyň başynda Müsürde demokratik şertlerde saýlanan Mursiniň hökümetiniň harby agdarlyşyk bilen iş başyndan çetleşdirilmegi durýar. Liwiýa, Siriýa we Müsür, Arap baharyny tersine öwüren, sebiti ozalkysyndan has-da ýaramazlaşdyran sepgide ýetiren mysallar. Bu wakalardan iň agyr zyýan çekenleriň başynda Palestina meselesi we ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryndaky düşnüşmezlik gelýär. Onuň bir tarapy hem resmi ýolbaşçylardan biriniň aýdyşy ýaly türk daşary syýasatynyň “Gymmatly ýalňyzlygydyr.”
2014-2015-nji ýyla ser salnynanda Ýakyn Gündogarda oňyn manyda iki etap galdy: Eýran bilen P5+1 ýurtlarynyň arasyndaky ýadro gepleşik etaby we Türkiýäniň “Jemgyýetçilik çözgüt etaby.” 2015-nji ýylda beýlekileriň nähili boljakdygy näbelli bolmagynda galýan bolsa-da bu iki etabyň has umytlydygyny aýdyp bileris. Biri-biri bilen gönüden baglanşykly bolmasalar hem bu iki etabyň üstünlikli tamamlanmagy Yrak, Siriýa hat-da Aýlag sebitine we Palestina oňyn täsir ýetirer. Şunuň netijesinde Siriýa we YSYS meseleleriniň hem çözülmegi ähtimal.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar