Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 96

Dünýä 4-5 asyrdan bäri günbataryň düşünjeleriniň, ekollarynyň we doktrinalarynyň täsiri astynda.

177215
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 96

Dünýä 4-5 asyrdan bäri günbataryň düşünjeleriniň, ekollarynyň we doktrinalarynyň täsiri astynda. Sebitden sebite, medeniýetden medeniýete tapawutlanýan hem bolsa, şu günki adalgalaryň we ulgamlaryň esasy köplügi günbatar düşünjesiniň täsiri astynda. Demokratiýa, milli-döwlet, azatlyk, bazar ykdysadyýeti, millet, milletçilik ýaly köp sanly adalga Ýewropadan we Amerikadan bütin dünýä ýaýrady. Şol sebitlerde kemala gelen ronnesans, döwrebaplaşma, senagat ynkylaby, dini özgertmeler we sekulýarizm adamzadyň esasy bölegini şekillendirdi. Bu etap häzirki döwürde güýçlenýän maglumat we aragatnaşyk serişdeleri bilen dowam edýär. Mysal üçin häzirki döwürde meşhur bolan globallaşma, bitewileşme, post-modernizm ýaly adalgalar hem ilki günbatar dünýäsinde ýüze çykdy we bütin dünýä täsirini ýetirýär. Şol pikirler täsirini ýetirýän jemgyýetleriniň we sebitleriniň medeni, ykdysady, syýasy hem-de gumanitar özboluşlyklaryny özgerdýär, üýtgedýär. Käte oňyn, käte bolsa ýaramaz netijeleri ýüze çykarýar. Demokratiýa, azatlyklar, bazar ykdysadyýeti ýaly oňyn netijeler ýaly; imperializm, kolonializm, basybalyjylyk, medeni we sosial degenerasiýa ýaly komplikasiýalar hem bar.
Bu etapda esasan öňe saýlanýan ugurlaryň başynda beýleki medeniýetleriň eýe bolan düşünje we pelsepewi gurluşlar. Beýlekilerine görä iň zyýanly tarapy hem şol. Eýsem günbatardan beýleki medeniýetleriň we jemgyýetlerin adaty pelsepeleriniň we düşünjeleriniň ýok bolmagy degişli ýurtlarda hem-de sebitlerde meseleleri çuňlaşdyrýar. Muňa birnäçe mysal getirmek mümkin. Emma olaryň täsir galdyryjysynyň musulman ýurtlary we jemgyýetleridigini aýdyp bileris.

Yslam diňe gurhan, sünnet ýa-da hadys ýaly başlangyç çeşmelerden däl, şol bir wagtda bu çeşmeleri analiz eden messeplerden, ekollardan we düşünjelerden emele gelýär. Musulmanlaryň tas ählisi gurhan we sünnet diýlende, umumy maglumata eýe bolandyklaryna garamazdan yslamyň düşünje ekollaryndan habarly däl. Musulmanlar dürli messebe uýýarlar, emma şol messepleriň ýüze çykyşy we ideýalary bilen gyzyklanmaýarlar. Şol messeplerden daşgary düşünjeler we adalgalar bilen bolsa tas hiç gyzyklanmaýarlar. Şol ünssizlik diňe bir halk köpçüliginde däl, eýsem sowatly adamlarda-da şeýledir. Eýsem musulman ýurtlarynyň köpüsindäki ylmy ojaklar, yslam düşünjesi we adalgalary boýunça ýeterlik okuw maksatnamasyna eýe. Onuň birnäçe sebäbi bolup biler, emma olaryň iň esasysy günbatar düşünjesiniň we ekollarynyň başga düşünjelere we ekollara basyş güýjüne eýe bolmagy.


Yslam 1500 ýyllyk düşünje tejribesine eýe we şu günki günde 1,5 milliarddan gowrak ilata eýe bolan din. Emma şol dine uýýanlaryň esasy böleginiň yslamyň düşünje tejribesini bilýändigini öňe sürmek kyn. Emma ylahyýet we din bilermenlerinden daşgary musulmanlaryň hem yslam düşünjesi barasynda bilmeginiň hökmanydygy äşgärdir. Ynanjyň düşünjesi barasynda iň azyndan başlangyç maglumatlary bilmek, adamlaryň daş-töweregindäki wakalara has gowy göz ýetirmegi taýdan peýdalydyr. Ynanjyň düşünje tejribesini bilmek, haýsy ýurtda we haýsy jemgyýetde nähili ynanjyň ýa-da düşünjäniň bardygyndan habarly bolmagy üpjün eder. Adamlar ýüze çykan mesele ýa-da kynçylyk barada has ýerlikli pikire eýe bolarlar. Mysal üçin häzirki döwürde giňden ulanylýan sünnilik we şaýylyk barada dogry maglumatlara eýe bolmagyň ähmiýeti jedelsizdir. Şol adalga ýa-da sypatlar adamlaryň daş-töweregine we dünýä bolan garaýyşyny kämilleşdirmegine goşant goşar.


Emma iň esasysy yslam düşünjesi musulman adamlaryň we jemgyýetleriň durmuş şertlerini gowukandyrmagyna uly goşant goşar. Mysal üçin yslam düşünjesiniň özenini emele getirýän uly we güýçli messepleri bilmek, tejribe edinmek diňe bir dini däl, şol bir wagtda sysial, syýasy we dünýä meseleleri boýunça pozisiýany güýçlendirer. Tas her gün peýdalanylýan harijilik, selefilik, alewilik, sünnilik ýaly adalgalar we şol adalgalara degişlileriň özboluşlyklary barada anyk maglumat berer.


Has möhümi bolsa: dinleriň, esasanda yslam dininiň ynanýanlaryň garaşýan tamalaryny we islemeýän zatlaryny öwrenmek üçin hem şol düşünjeleriň ähmiýeti ulydyr. Mysal üçin gurhana we sünnete düşünmek we olary iş ýüzüne geçirmekde esasy zat näme? Däp-dessurlar we tejribeler nähili ýüze çykdy? Din adamyň akylyndan peýdalanmagyna nähili garaýar? Akylly bolmadyklaryň jogapkärçiligi barada näme diýilýär? Şahslaryň özünden, maşgala agzalaryndan, goňşularyndan, jemgyýetinden we beýlekilerden emele gelýän dünýä bilen gatnaşygy nähili bolmaly? Gurhanyň we sünnetiň öwrenilmeginde hünärmen bolan ulamanyň pozisiýasy ňähili? Özgerýän dünýä we durmuş şertlerinde gurhana we sünnete bolan garaýyş we onuň amallary hem özgerermi? Alymlaryň bir bölegi tarapyndan ara alynyp maslahatlaşylýan “özgerme-reforma” mümkinmi? Eger mümkin bolsa onuň ýoly we çägi näme we nire?


Bu soraglaryň ählisine yhlahytýet hem-de din alymlary ýeňillik bilen jogap berip biler. Emma ol ýeterlik däl. Eýsem yslam dünýäsinde şertler şeýle çylşyrymlaşdy welin, başlangyç sowady bolan adamlaryň hem şol soraglara belli derejede jogap berip bilmegine garaşylyp bilner. Onuň üçin degişli taýarlyklar görülmeli.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar