Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 94

Dünýädäki ykdysady güýç çalşyklary

169592
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 94

Halkara Pul Gaznasy tarapyndan geçirilen we telewizion kanallaryndan birinde efire berilen barlagda soňky ýüz ýylda dünýädäki ykdysady güýç çalşyklary seljerilipdir. Dünýäniň güýç merkezi 19-20-nji asyrlarda Ýewropa we Amerika kontinentlerinde bolan bolsa, 21-nji asyrda Aziýa we Ýuwaş Umman sebitine tarap süýşýär. Dünýäniň ykdysadyýeti we beýleki güýç parametrleri taýdan 19-njy asyrda Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, İtaliýa öňde giden bolsa, 20-nji asyrda ABŞ öňe geçdi. 20-nji asyryň ikinji ýarymynda Ýaponiýa we Hytaý beýgelmäge başlady. 21-nji asyryň birinji çärýeginde dünýä ykdysadyýetiniň birinji bäşligi ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlardan emele gelýär. Şol ýurtlardan soň Britaniýa, Russiýa, Braziliýa, İtaliýa we Kanada gelýär. Çaklamalara görä 2019-njy ýylda şol sanawda uly özgerlişik bolmaz. Diňe olaryň hataryna Hindistanyň goşulmagyna garaşylýar. Şeýlelikde şu günki günde we geljekki 10 ýyllyklarda birinji ýeri ABŞ alýan bosa, Hytaý, Russiýa we Hindistan beýgelmäge dowam edýär, Ýewropa bolsa aşaklaýar.


Bu tabeli dünýäniň baýlar klubynyň öz içindäki bäsleşigi hökmünde-de görmek bolýar. Emma bäsleşigiň serişdeleri we parametrleri diňe ykdysady güýç hem-de girdejiler däl, beýleki faktorlary hem öz içine alýar. Şol faktorlaryň hatarynda esasanda tehnologik, ylmy, syýasy, harby we adam serişdeleri bar.
Dünýäniň güýç sanawy barasyndaky barlagda ünsi çekýän beýleki bir husus birinji on ýurduň hatarynda Ýakyn Gündogar we musulman döwletleriniň bolmazlygy. Bu musulman dünýäsiniň demografik we geografik ýerleşişine bap gelmeýär. Başga bir söz bilen aýdylanda dünýäniň ilatynyň üçden bir bölegine we territoriýasynyň ýarysyna golaýyna eýe bolan musulman ýurtlaryndan hiç haýsysy ykdysady taýdan birinji onluga degişli bolup bilmeýär.
Güýç tabeli we häzirki dünýä şertleri bilen birlikde göz öňünde tutulanda şu sorag ýada düşýär: Şu günki günde Siriýada, Yrakda, Palestinada, Liwiýada we beýleki musulman ýurtlarynda başdan geçirilýän uruşlaryň, çaknyşyklaryň we dartgynlyklaryň şol görkeziji bilen baglanşygy barmyka? Eger bar bolsa ony näme bilen düşündirmek bolar?

Dünýä ykdysadyýeti we güýç deňagramlyklary günbatardan Uzak Gündogara tarap süýşýärkä Ýakyn Gündogar we musulman ýurtlary şol iki kontinentiň arasynda gysylyp galdylar. Sebit we musulman ýurtlary şol gysaçdan halas bolup bilmändikleri sebäpli şeýle kynçylyklary başdan geçirýärler. Elbetde bu täzelik däl. 20-nji asyryň başynda Osman imperiýasy dargaly bäri dowam edýär. Taryhy tejribe we şu günki şertler jähtinden obýektiw analiz edilende meseläniň üç sebäbiniň bardygyny aýdyp bileris.


Birinjisi: Ýakyn Gündogarda we musulman dünýäsinde Osman imperiýasynyň goýup giden boşlugy doldurylyp bilinmedi. Ykdysady taýdan güýçli bolan 10 ýurduň hatarynda 60 musulman ýurdundan ýekejesiniň hem bolmazlygy onuň iň anyk görkezijisidir. Beýleki faktorlar taýdan-da şol boşlugyň ýa-da ýetmezçiligiň bardygy aç-açan görünýär. Elbetde ykdysady taýdan birinji onluga ýakynlaşan Türkiýäni we İndeoneziýany ünsden düşürmek bolmaz. Emma şol iki ýurt 2 milliard ilatly musulman dünýäsinde özboluşly pozisiýa eýe we olaryň hem başga meseleleri bar. Mysal üçin Türkiýe dünýäniň güýç balansynda öň hatarda kabul edilmek bilen birlikde orta derejeli girdeji duzagy we geosyýasy meseleleri sebäpli birinji onluga degişli bolmakda kynçylyk çekýär.
Türkiýäniň we sebitdäki beýleki ýurtlaryň dünýäniň güýçler ligasynda orun almazlygynyň esasy sebäbi geosyýasy çaknyşyklar we uruşlar. Ýakyn Gündogar sebiti 35 ýyla golaý wagt bäri uruşlar hem-de dartgynlyklar bilen ýaşaýar.
İkinjisi: Şol geosyýasy uruşlar hem ykdysady serişdeleriň isrip edilmegine, ýaraga we harby enjamlara sarp edilmegine sebäp bolýar. Hem-de beýleki sebit ýurtlary adam we tebigy serişdelerini, ykdysady ösüş we galkynyş üçin maýa goýmagyň deregine urşa sarp edýärler. Bu ykdysady önümçiligi we ösüşi ýola goýmak beýlede dursun, hasam garyplaşmaga we ýaramazlaşmaga sebäp bolýar. Şu günki günde dünýä ýarag söwdasynda esasy öndürijileriň hatarynda ABŞ, Ýewropa, Russiýa we Hytaý bar bolsa, esasy müşderileriň hatarynda Saud Arabystany, Kuweýt, Siriýa, Eýran we Türkiýe ýaly ýurtlaryň bolmagy onuň iň anyk mysalydyr. Sebitleýin uruşlar, çaknyşyklar we dartgynlyklar güýçlendigi saýyn ýarag öndürijileri bilen müşdeleriniň gatnaşyklary hasam ýygjamlaşýar. 


Üçünjisi: Beýan edilen şertleriň ýüze çykmagynda birinji onluga degişli bolan ýurtlaryň öz aralarynda sebit we musulman ýurtlaryna ýarag satmak, olaryň energiýa serişdeleri bolmak, haryt söwdasy we syýasy bäsdeşlik uly rol oýnaýar. Güýçli ýurtlar energiýa serişdelerine gözegçilik etmek, ýarag we haryt söwdasyny ösdürmek, ykdysady hem-de söwda bähbitlerini artdyrmak, umuman sebitde güýçli pozisiýa eýelemek isleýärler. Şol maksatlara ýetmek üçin sebitde bäsleşmeýärler. Musal üçin Siriýadaky içerki uruşda ABŞ, Britaniýa we Fransiýa bilen Russiýanyň we Hytaýyň arasyndaky güýç hem-de bähbit göreşi uly rol oýnaýar. Sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlar hem şol balansyň daşynda däl.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar