Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2207474
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Türki dünýäni has ýokarlara götereris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň Sammitinde beýannama berendigini ýazýar. Çykyşynda “Türki dünýäni has ýokarlara götereris” diýen Erdogan; “Ýeke-täk elipbiý boýunça ylalaşdyk” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan Trampy gutlady” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-da geçirilen prezident saýlawynda üstün çykan Donald Trampy gutlandygyny mälim edýär. Erdogan: “Dostum Donald Trampy gutlaýaryn. Adalatly dünýä üçin uly tagalla etjekdigine ynanýaryn” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýede 58 welaýat eksportuny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, Söwda minstrliginiň ýanwar-okýtabr aýlarynyň aralygynda 29 welaýatyň 1 milliard dollardan ýokarda eksport edendigini, 58 welaýatda bolsa daşarky söwda gatnaşygynyň ösendigini beýan edendigini ýazýar. Stambul bolsa oktýabr aýynda 5 milliard 81 million dollardan gowrak eksport eden şäher boldy.

“Star” gazeti “Türkiýe nebit we gaz önümçiliginde rekord goýdy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň geçen aý nebit we tebigy gaz önümçiliginde aýlyk we günlük mukdarda rekord derejä ýetendigini aýdandyklaryny mälim edýär. degişli döwürde içerki çig nebit önümçiligi 3,3 million barrelle, tebigy gaz önümçiligi bolsa 234,4 million m3-abarabar bolup, aýlyk mukdarda ähli döwürleriň iň ýokary çäginine ýetdi.

“Watan” gazeti “Togg elektromobil bazarynda liderligini dowam etdirýär” söz başyly habarynda, “Toggyň” Türkiýäniň elektromobil bazarynda ýylyň 10 aýlyk döwründe eden 20,140 satuwy we 31 göterimlik bazar paýy bilen marka sanawynda ilkinji orny eýeländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar