Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2206452
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň Palestina boýunça çagyryşy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Gaza we Liwana garşy edilýän sionist agressiýa garşy beriljek iň ýerlikli jogaplardan biri Palestinany ykrar edýän döwletleriň sanynyň artmagy bolar” diýen sözlerini çap edýär. Erdogan dünýä döwletlerini ýene-de bir gezek Palestinany  ykrar etmäge çagyrdy.

 “Hürriýet” gazeti “Erdogan: Ysraýyl bilen söwda gatnaşyklaryny bes etdik” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýyl bilen söwda gatnaşyklaryny doly bes edendiklerini aýdandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan; “Genosid jenaýatçylarynyň halkara hukugyna hasabat bermegi üçin elimizden geleni edýäris” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdoganyň gazalylar hakyndaky öwgüsi”söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan gazalylaryň 13 aýyň dowamynda başdan geçirmedik zulumynyň we gam-gussasynyň galmandygyny, emma muňa garamazdan buýsançlaryndan el çekmändiklerini, öz ýurtlarynda erkin ýaşama ygtyýarlaryndan yza gaýtmandyklaryny nygtandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Merkezi bankyň gorlarynda täze rekord” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Merkezi bankynyn jemi gorunyň 25-nji oktýabr hepdesinde öňki hepde bilen deňeşdirilende 35 million dollar artyp, 159,4 milliard dollara barabar bolup, ähli döwürleriň iň ýokary çägine ýetendigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň awtoulag eksportynda rekord” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtoulag senagatynyň üstümizdäki ýylyň 10 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,5 göterim ýokarlap, 30,5 milliard dollara ýetip, pudaklaýyn möçberde ähli döwürleriň iň ýokary 10 aýlyk eksportuny amala aşyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar