Türk metbugatnyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2193173
Türk metbugatnyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: BMG-niň Baş Assambleýasy gerek bolan halatynda güýç ulanmaly” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň hüjümleriniň togtadylmagy üçin BMG-niň Baş Assambleýasy “Gerek bolan halatynda güýç ulansyn” diýip, çagyryş berendigini ýazýar. Erdogan bir owuç radikal sionistiň sebiti oda berýändigini aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Türkiýe ejir çekenleriň sesine öwrüldi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşy halkynda Türkiýäniň azatlyk, adalatlyk, hak we deňlik üçin göreşýän ähli ejir çekýänleriň global platformadaky sesine öwrülendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Kurtulmuş: Ysraýylyň maksady diňe Gaza däl” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň Ysraýylyň Liwana hüjüm guramagy, soň Siriýany nyşana almagynyň esasy maksatlaryndan biriniň Türkiýedigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Türki döwletleriň guramasynyň täze başlangyjy” söz başyly habarynda, Türki döwletleriň guramasyna agza we synçy ýurtlaryň kartagrafiýa boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin maslahat geçirendigini mäim edýär. “Ýeke-täk türki elipbiý” ýaly, “Ýeke-täk Türki dünýä kartasynyň” taýýarlanmagy nazarda tutulýar.

“Watan” gazeti “Teknofest” üçin taýýarlyklar dowam edýär söz başyly habarynda, dünýäniň esasy awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly TEKNOFEST-iň 2-6-njy oktýabryň aralygynda Adanada geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Festiwal bäsleşikleri bilen ýaşlaryň milli tehnologiýalary ösdürmäge bolan höwesiniň artdyrylmagyny maksat edinýär.



Degişli Habarlar