Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Yurduň we dünyäniň gün tertibiniň ileri tutulyan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beyan tapyar.

2161188
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriyet” gazeti “Erdogan: Biz NATO-da birinji bäşlige degişli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň NATO-nuň Sammitine gatnaşmak üçin ABŞ-na gitmezinden ozal beren beyannamasynda; “Türkiye NATO-nuň missiyalaryna we operasiyalaryna goşant goşyan ilkinji bäş yarandan biri. Biz öz üstümize düşyän borçlary artykmajy bilen yerine yetiryäris. Gury yerde, deňizde we howada döreden şertlerimiz hem-de ukyplarymyz bilen NATO-nuň oňurgasyny emele getiryän yurtlaryň başynda duryarys” diydi.

“Watan” gazeti “Erdogan: Gazada palestin halkyna edilyän gyrgynçylyklary gün-tertibine getireris” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň NATO-nuň Sammitinde umumy gymmatlyklarymyzyň içginlik bilen synagdan geçyän yerlerinden biri bolan Gazada palestin halkyna edilyän gyrgynçylyklaryň gün-tertibine getiriljekdigini aydandygyny yazyar.

“Yeni Şafak” gazeti “Türksat 6A-da işler kadaly” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiyalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň Türkiyäniň ilkinji milli aragatnaşyk hemrasy “Türksat 6A-nyň” atylmagyndan soň işleriň kadalydygyny aydandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna yetiryär.

“Star” gazeti “Türk alymlary  KKGG sanjymynda ilkinjileriň hataryna goşuldy” söz başyly habarynda, Kayseri welayatyndaky Erjiyes uniwersitetiniň Sanjym öndüriş merkezinde öndürilen Krym-Kongo gemorragiki gyzdyrma hassalygy bilen bagly sanjymda, dünyäde ilkinji gezek FAZ-1 tapgyryny geçip, FAZ-2 tapgyry boyunça işleriň alynyp baryulyandygyny mälim edyär. FAZ-2 boyunça işlerde sanjym meyletinlerde synagdan geçiriler.

“Sabah” gazeti “Hytayyň ulag ägirdi Türkiyäni saylady” söz başyly habarynda, Hytayyň awtoulag öndürijisi “BYD-niň” Türkiyede maya goymak üçin gol goyandygyny yazyar. Firma 1 milliarda barabar maya goyum bilen 150 müň ulag öndürmäge ukyply desga gurar. 5 müň adama iş üpjünçiligini döretjek firmanyň Türkiyäni saylap almagy daşary yurt metbugatynda giň seslenme döretdi.



Degişli Habarlar