Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

1. Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2040184
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah”  gazeti, “Erdogan Mikotakisi kabul etdi” söz başyly habarynda, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Prezident, Erdoganyň Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakisi kabul edendigini ýazýar. Türköýünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi. Iki lider kabul edilşikde Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

“Watan” gazeti, “Türkiýe, maýadalar üçin ynamdar port bolmaga dowam eder” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň ABŞ-na guran iş saparynyň çäginde Nýu-Ýorkda Türk-Amerikan Işewürler geňeşiniň 13-nji Türkiýe maýa goýum konferensiýasyna gatnaşandygyny habar berýär. Erdogan konferensiýada eden çykyşynda “Satyn alma güýjüne görä, dünýäniň ykdysady taýdan 11-nji ýurdy bolan Türkiýe, halkara maýadarlar üçin ynamdar port bolmaga dowam edýär” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe, maýadarlaryň üns merkezinde” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde maýadarlar bilen duşuşandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Şimşek, “Türkiýe maýadalaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär”diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýe Azerbaýjana goldaw berýär” söz başyly habarynda, Garabagda çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyk barada beýannama beren Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmazyň, “Azerbaýjanyň alyp barýan tutumyna goldaw berýäris” diýendigini ýazýar. Jewdet Ýylmaz “Azerbaýjana degişli bolan Garabagda, Azerbaýjanyň baýdagy pasyrdamaga dowam eder” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk hirurglarynyň eden operasiýasyna dünýä ýurtlary syn etdi” söz başyly habarynda, türk hirurglarynyň döşüni ýarman eden 3 operasýasyna ýurduň içinden we daşary ýurtdan gelen 200 lukmanyň syn edendigini ýazýar. Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja “Hirurglarymyz edýän robot operasiýalary bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär” diýdi

 

 



Degişli Habarlar