Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

“Hürriýet” gazeti, “Prezident Erdogan: Galla geçelgesi dowam etmeli” söz başyly habarynda, düýn Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşan Prezident R. T. Erdoganyň “galla geçelgesi dowam etmeli” diýip ýüzlenme berendigini ýazýar.
Prezident Erdogan “Galla geçelgesiniň dowam etdirilmegi üçin täze teklip taýarladyk. BMG-nyň ýolbaşçylygynda täze teklibe laýyklykda netije alynjakdygyna ynanýaryn” diýdi. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bolsa sanskiýalar bes edilen halatynda ylalaşyga taýardyklaryny nygtady.
“Watan” gazeti, “Daşary işler ministri Fidan, Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Eýranda saparda bolan Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Eýranyň Prezidenti Raisi tarapyndan kabul edilendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Fidan bilen Raisi kabul edilşikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
“Star” gazeti, “Ersin Tatar: Türkiýe çekilen badyna hüjüm ederler” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň, Kipriň grek böleginde Limasol şäherine daşary ýurtlylara garşy guralan hüjüm barada beren beýannamasynda, “Türk esgeri Adadandan çekilen badyna Kipriň grek bölegindäki rasist hüjümleriň nyşany kipr türkleri bolar” diýen sözlerine ýer berýär.
“Sabah” gazeti, “Ministr Bolat: Eksport awgust aýynda rekord goýdy” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Bolatyň düýn 2023-nji ýylyň awgust aýynda görkezijiler hakynda maglumat berendigini ýazýar.
Ministr Bolat, “Awgust aýynda eksportymyz 1,6 göterim ýokarlap 21 milliard 619 million dollara barabar boldy. Awgust aýynda eksportda rekord goýuldy” diýip belledi.
“Haber Türk” gazeti, “Türk awtomobil bazarynda rekord” söz başyly habarynda, Türkiýäniň eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, awgust aýynda awtomobil pudagynyň eksportynyň 2 milliard 738 million dollara barabar bolandygyna ünsi çekýär.