Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

“Sabah” gazeti “Erdogan: Türkiýe göçümleri bilen ünsleri özüne çekýär” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň düýn Stambulda eden çykyşynda, Türkiýäniň harby, diplomatik, ykdysady we syýasy göçümleri bilen täsiri güýçlenýän we ünsleri özüne çekýän ýuda öwrülendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Haber Türk” gazeti, “Daşary Işler ministri Fidanyň we rus kärdeşi Lawrowyň beýannamasy” söz başyly habarynda, düýn resmi sapar bilen Russiýanyň paýtagty Moskwa giden Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşandygyny ýazýar.
Duşuşykdan soň beýannama beren Ministr Fidan, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy meselesinde “Ýurdumyzyň goşandygy bilen BMG täze teklip hödürledi. Teklip galla geçelgesi taýdan diýseň möhüm”diýdi. Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow hem rus gallasynyň eksport edilmegi meselesinde Günbatarly ýurtlaryň beren wadasynda durmandygyny nygtap, “isleglerimiz kanagatlandyrlan halatynda ylalaşyga dolanyp geleris” diýdi.
“Star” gazeti, “Moodys Türkiýe üçin ösüş çaklamasyny artdyrdy” söz başyly habarynda, halkara kredit derejelendiriş guramasy Moodysyň, Türkiýäniň ykdysadyýeti üçin şu ýylky ösüş çaklamasyny 2,6 göterimden 4,2 göterime geljek ýyl üçin bolsa 2 göterimden 3 göterime çykarandygyny habar berýär.
“Hürriýet” gazet, “Ministr Şimşek: Oňyn netijelerini görmäge başladyk” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň, Türkiýäniň üstümizdäki ýylyň ikinji çärýeginde 3,8 göterim ösüş edendigini nygtap, “Alyp barýan syýasatlarymyzyň oňyn netijelerini görmäge başladyk. Durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin degişli çäreleri görmäge dowam ederis” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti, “Türkiýe OECD-niň iň çalt ösen ikinji ýurdy boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň, üstümizdäki ýylyň ikinji çärýegindäki 3,8 göterimlik ösüşi bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasy OECD-ä agza ýurtlaryň arasynda iň çalt ösen ikinji ýurt, G-20-a agza ýurtlaryň hatarynda bolsa üçünji ýurt bolandygyny ýazýar.
Degişli Habarlar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.