Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1999874
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Şwesiýa öz borjuny berjaý etmeli” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna we Azerbaýjana guran saparlaryndan gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Prezident R.T.Erdoganyň Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda “İlki bilen Şwesiýa öz borjuny berjaý etmeli. Şwesiýa terror guramasy PKK-nyň işlerini bes etmeli” diýendigini ýazýar.

Ýeni Şafak” gazeti “ABŞ-nyň İlçisiniň Türkiýe hakyndaky öwgüli sözleri” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Türkiýedäki İlçisi Jeffri Flaýkyň; “Türkiýeden başga hiç bir ýurt Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky düşnüşmezligi-Montr şertnamasyny iş ýüzüne geçirip-gözegçilik astyna alyp bilmezdi. Şeýle hem Türkiýeden başga ýurtlar Gara deňiz galla başlangyjynyň ýeňilleşdirilmegini ýola goýup bilmezdi” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýeden Kuweýde milli ýaragly uçarmansyz howa ulagy “Baýraktar TB2” eksporty” söz başyly habarynda, Türkiýeden ençeme ýurda eksport edilýän milli ýaragly uçarmansyz howa ulagy “Baýraktar TB2-niň” Kuweýdiň satyn aljakdygyny mälim edýär. Eksport boýunça Kuweýt döwleti bilen “Baýkar” firmasynyň arasynda şertnama baglaşylandygy habar berildi.

“Star” gazeti “Germaniýadan ýokary isleg bar” söz başyly habarynda, Germaniýanyň syýahatçylyk gullugy TUI-niň 2023-nji ýylda syýahatçylyk pudagyna uly islegiň barydygyny, esasanda Türkiýäniň Antalýa şäherine iňňän ýokary islegiň bildirilýändigini beýan edendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Uralogly: 2023-nji ýylda 299 müňden gowrak kruiz ýolagçysyny kabul etdik” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadyr Uraloglunyň; “2023-nji ýylyn ilkinji 5 aýynda 299 müňden gowrak kruiz ýolagçysyny kabul etdik” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar