Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1992664
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Baýden bilen Putinden Erdogana gutlag telefony” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Ju Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, Prezident R. T. Erdogana telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlandygyny ýazýar.

Liderler telefon sözhbetdeşliginde özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Türkiýäniň dosty gazanar” söz başyly habarynda, dünýäniň 28-nji maýda geçirlen saýlawy 2023-nji ýylyň esasy saýlawy hökmünde görýändigini, Prezident Erdoganyn ýeňişiniň NATO-dan ÝB-ne, Russiýa-Ukraina söweşinden Ýakyn Gündogara, Ortaýer deňizi, göç edilşik, Gündogar-Günbatar gatnaşyklary ýaly birnäçe meselä öz täsirini ýetirjekdigini mälim edýär. Şol sebäpli hem birnäçe ýurduň lideri Erdogana telefon edip, “hyzmatdaşlyk edeliň”ýüzlenmesini berdi.

“Star” gazeti, “Türkiýe asyry başlady” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň, Prezident Erdoganyň liderliginde Türkiýe asyrynyň başlandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Altun, “Biz doganlyk, dost we hyzmatdaş ýurtlary bu möhüm gününde güýçli we beýik Türkiýäniň ýanynda görmekden hoşal” didi.

“Sabah” gazeti, “Işewürler ynam we durnuklylyk ýüzlenmesini berdi” söz başyly habarynda, işewürleriň Prezident R. T. Erdoganyň saýlawda üstünlik gazanmagyna kanagatlanma bildirendigini ýazýar.

Iş dünýasinin wekilleri “Halk ynam we durnuklylyk üçin ses berdi. Näbellilik ortadan aýryldy. Täze döwür Türkiýäniň asyry bolar” diýdi.

“Watan” gazeti “Yksady ynam indeki artdy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Nureddin Nebatiniň, Twitterden beren habarnamasynda, ykdysady ynam indeksi maý aýynda geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 1,5 göterim artyp 103,7 göterime barabar bolandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.



Degişli Habarlar