Türk metbugatynyn gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1990483
Türk metbugatynyn gysgaça mazmuny

 

“Haber Türk” gazeti “Erdogan; Siriýalylary ugratmaga başladyk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýurtlaryndaky içerki uruşdan gaçyp, Türkiýä gelen siriýalylaryň howpsuz şertlerde öýlerine ugradylmaga başlanandygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “Siriýanyň demirgazygynda 1 million immigrantyň ýerleşmegi üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe we Katar Siriýada ýaşaýyş jaýlaryny gurýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Kataryň hyzmatdaşlyk etmeginde Siriýada 9 sebitde 1 million adam üçin niýetlenen 240 müň ýaşaýyş jaýynyň ilkinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilendigini mälim edýär. Jarablusdaky dabarada çykyş eden İçeri işler ministri Süleýman Soýlu; “Siriýada 554 müň meýletin yza dolanyş boldy” diýdi.

“Sabah” gazeti “Mawy watanyň täze güýji “SİDA” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy İsmail Demiriň ýaragly uçarmansyz deňiz ulagynyň “Mawy Watanyň” güýjüne güýç goşjakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. NATO-nuň türgenleşiginde-de ünsleri çeken “SİDA-nyň” deňizden-deňize, deňizden deňiziň aşagyna hüjüm gurama ukybynyň bardygyny beýan eden Demir; “Biz her bir ugurda tagalla edýaris. Bizi ünüsden düşürmäň” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Grek metbugaty: Türkiýe beýik güýje öwrüldi” söz başyly habarynda, grek gazeti “SL Pressiň” Türkiýäniň ähli pudaklarda täsir galdyryjy we beýik güýje öwrülendigini ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Türkiýäniň Ýewraziýada, Balkan ýurtlarynda we musulman dünýäsinde möhüm söwda gatnaşyklaryny ösdürendigini, awtomobil pudagynda möhüm pozisiýa eýeländigini, gämi gurluşygy we abatlaýyş işlerinde dünýäniň birinji onlugyna goşulandygy mälim edilýär.

“Star” gazeti “gara deňizden täze buşlukly habarlar bar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň “Gündogar Gara deňizde ýokary mukdar nebit tapylma ähtimaly bar. 2023-nji ýyl gutarmanka Ordu we Rize welaýatlarynyň ýalpaklarynda burawlaýyş işleri geçiriler. Ordudan tebigy gazyň, Rizeden bolsa nebitiň bardygy çaklanylýar” diýdi.



Degişli Habarlar