Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1965911
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti, “Türkiýe, Fransiýa geaksiýa görkezdi” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Erwe Margonyň, terror guramasy PKK/ÝPG-nyň agzalarynyň Fransiýanyň Senadynda kabul edilmegi we medal gowşurylmagy sebäpli Daşary işler ministrligine çagyrlandygyny ýazýar.

Fransiýanyň ilçisine terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-niň we onuň zenanlar bölümi ÝPŽ –niň agzalarynyň Fransuz senadynda kabul edilmeginiň we sylaglandyrylmagynyň, Türkiýe tarapyndna kabul edilmeýändigi we berk ýazgarylýandygy aýdyldy.

“Watan” gazeti, “Akar: Gümrük geçelgelerinden bikanun ýagaýda ýurda girilmegine rugsat bermeris” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, ýer titremelerinden soň 60 müň siriýalynyň meýletin ýagdaýda ýurduna dolanandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Minisr Akar, “Gümrük geçelgelerinden kimdir biriniň bikanun ýagdaýda ýurda girmegine asla rugsat berilmez” diýdi.

“Ýenişafak” gazeti, “Warank: Baýraktar TB3-ler Türkiýä strategiýa taýdan üstünlik gazandyrar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, Baýraktar TB3 hakynda beren beýannamasynda, “Türk deňiz flodynyň iň uly harby gämisi; dünýäniň bolsa ilkinji ýaragly uçarmansyz harby gämisi TJG-ANADOLU gämisine gonup we uçup bilýän Baýraktar TB3-ler Türkiýä strategiýa taýdan uly üstünlik gazandyrar” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti, “ANKA we ULAK-dan 4.5G uçuşy” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty ministrligi, milli bazadan gönükdirilýän ULAK-yň ANKA uçarmansyz howa ulagy bilen utgaşdyrlyp ilkinji gezek 4.5G hyzmadyny berendigini habar berdi.

“Sabah” gazeti, “Türkiýäniň balykgulak eksporty 3,2 million dollardan geçdi” söz başyly habarynda, Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ýanwar-fewral aýlaryny öz içine alýan döwürde edilen balykgulak eksportynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 62 göterim artyp 3 million 279 müň 143 dollara barabar bolandygyny ýazýar.

 

 



Degişli Habarlar