Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1962565
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Ýer titremäniň ýitgisi 104 milliard dollar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýer titremelerde çekilen ýitginiň 104 milliard dollara barabardygyny aýdandygyny ýazýar. Ýer titremede ýykylan ähli şäherleri gaýtadan gurjakdyklaryny we abadanlaşdyrjakdyklaryny beýan eden Erdogan; “Maksadymyz 1 ýylda ýer titreme sebitiniň zerurlyklaryny kanagatlandyrjak ýaşaýyş jaýlaryny gurmak” diýdi.

“Sabah” gazeti “Erdogan: Bu arkalaşygy ýatdan çykarmarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýedäki ýer titreme betbagtçylygyndan zyýan çekenler üçin guralan Brýusseldäki maslahata aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşandygyny ýazýar. Erdogan; “Şu agyr günlerde ähli dostlarymyzyň; ähli düzümleri, agza we dalaşgär ýurtlary bilen ÝB, BMG we beýleki halkara guramalaryň eden arkalaşygyny hiç haçan ýatdan çykarmarys” diýdi.

“Star” gazeti “ÝB Türkiýä 1 milliard ýewro kömek berer” söz başyly habarynda, ÝB Komissiýasynyň Başlygy Won Der Leýeniň; “Ýewropa Komissiýasy ýer titremeden soň gaýtadan dikeldiş işleri üçin Türkiýä 1 milliard dollar goldaw berer” diýen sözlerini çap edýär. Leýew Türkiýedäki we Siriýadaky ýer titreme sebitlerine goldaw üçin çagyryş etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly Dendias bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýedäki ýer titreme betbagtçylygynda we Gresiýadaky otly heläkçiliginde iki ýurduň bir-birleri bilen arkalaşandyklaryny aýdandygyny ýazýar. Çawuşogly onuň öara gatnaşyklarda-da öz beýanyny tapjakdygyny we ýakyn gelejekde duşuşmak boýunça ylalaşandyklaryny nygtap, Dendiasy Türkiýede myhman almakdan hoşal boljaydygyny ýa-da haçan we nirede şert bolsa duşuşyp biljekdiklrini aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Dünýäniň ünsi Toggda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň elektrik togy bilen awtoulagy “Toggyň” ABŞ-daky dünýäniň belli Sarp ediji elektronikasy sergisinde iň gowy markalaryň arasynda 4-nji orna mynasyp görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “Togg” 3200 markanyň arasynda ýokarky hatarlarda orun tutmagyň hötdesinden geldi.



Degişli Habarlar