Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

“Haber Türk” gazeti “Ak partiýa we MHP Erdogany prezidentlige dalaşgärlige hödürlär” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasy bilen Milletçi hereket partiýasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki toparlary R.T.Erdoganyň prezidentlige dalaşgärlige hödürlenmegi hakynda karar kabul edendiklerini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Milletimiz türki döwletleriň goldawyny ýatdan çykarmaz” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türki döwletleriň guramasynyň nobatdan daşary sammitinde türki dünýäniň liderlerine ýüzlenip çykyş edendigine ünsleri çekýär. 6-njy fewraldaky ýer titremelerde türki dünýäniň ilkinjileriň hatarynda kömege gelendigini beýan eden Erdogan; “Eziz milletimiz bu goldawyňyzy hiç haçan ýatdan çykarmaz” diýdi.
“Star” gazeti “Erdogan: Putiniň we Zelenskiýniň gepleşiklere dolanyp gelmekleri üçin tagalla edýäris” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Russiýa we Ukraina taraplaryny gepleşik stoluna getirmek ugrundaky tagallalaryny soňuna çenli dowam etdirjekdiklerini aýdandygyny ýazýar. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen yzgiderli aragatnaşyk saklaýandyklaryny nygtan Erdogan; “Töwellaçylyk eden Gara deňiz galla ylalaşygy we giň gerimli ýesir çalşygymy taraplaryň ylalaşyp biljekdigini görkezdi” diýdi.
“Ýeni Şafak” gazeti “Aliýew: Türkiýe dünýäde sözi ýörgünli ýurt” söz başyly habarynda, Türki döwletleriň nobatdan daşary maslahatynda beýannama beren Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy İlham Aliýew Türkiýäniň diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde sözi ýörgünli ýurtlardan birine öwrülendigini, şol bir wagtda-da güýç merkezidigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “ “Togg” bäsdeşlerinden öňe geçdi” söz başyly habarynda, “Türkiýäniň elektrik togy bilen işleýän awtoulagy “Togguň” ilkinji modeli T10X, C-SUW, Hytaýyň, Koreýanyň we Ýewropanyň şol bir segmentdäki elektrikli awtoulaglaryndan geçýän ýol aralygy, batareýasynyň doldurylmagy we bahasynyn elýeterliligi taýdan öňe saýlanýandygyny ýazýar. “Togg” T10X ekranyndan öý enjamlaryny gönükdirme, syýahat meýilnamasyny düzme we onlaýn söwda etme mümkinçilikleri hem bar.