Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1960421
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan bir ýylda 650,000 ýaşaýyş jaýyny gurmaga söz berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdroganyň 6-njy fewralda bolan ýer titremelerde ýykylan şäherleri bir ýylyň dowamynda dikeltmegä söz berendiklerini nygtap, 650 müň ýaşaýy jaýyny gurup, eýelerine gowşurmagy meýilleşdirýändiklerini aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Geçen 20 ýylda ulanmaga berilen 1,180,000 köpçülikleýin ýaşaýyş jaýyny we gurulan 3,3 million şähergurluşyk taslamasy sözümizde durmagymyz üçin kepillikdir” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Finlýandiýa oňyn çemeleşýär” söz başyly habarynda, NATO agzalyk üçin Türkiýeden tassyknama garaşýan Finlýandiýada we Şwesiýada ünsleriň Ankaradan geljek tasssyknama gönügendigini mälim edýär. Şwesiýanyň tersine Türkiýäniň talaplaryny ýerine ýetiren Finlýandiýanyň agzalygyna oňyn garaşýar. Prezident Erdogan Finlýandiýanyň NATO agzalygy hakynda “Anna güni beren sözümizde durarys” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdoganyň Finlýandiýa hakyndaky beýanaty dünýä metbugatynda” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Finlýandiýanyň agzalygy hakynda beren beýannamasynda; “Biz öz üstümize düşýän borjy berjaý ederis, anna güni beren sözümizde durarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdoganyň Finlýandiýanyň NATO agzalygy hakynda beren beýannamasynda daşary ýurt metbugatynda giň seslenme döretdi. Ýewropanyň metbugaty wakany “Şwesiýa daşarda galdy”, “Garaşylýan boldy” garaýyşlary bilen habar berdi.

“Star” gazeti “Türkmenistan uglewodorod serişdelerini bölüşmäge taýýar” söz başyly habarynda, garaşsyzlygyny yglan edenden soň Türkmenistany ilkinji bolup ykrar eden ýurduň Türkiýedigini beýan eden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowuň, ýurduň uglewodorod serişdelerini “türki dünýa” bilen bölüşmegi maksat edinýändiklerini aýdandygyny ýaýzar.

“Watan” gazeti “ “TOGG” ýollar” söz başyly habarynda, Bursa welaýatynyň Gemlik etrabynda öndürilýän Türkiýäniň elektrik togy bilen işleýän ýokary amatlykly enjamy “TOGG-uň” tapawutly reňklerdäki ulaglary bilen synag sürüşlerine başlandygyny mälim edýär. Bursanyň köçelerinde synagdan geçirilýän ulaglar, raýatlaryň üns merkezine öwrüldi. Dron bilen surata alynan “TOGG” kaşaňlygy bilen özüne haýran etdi.



Degişli Habarlar