Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1943472
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “10 welaýat üçin tebigy apat we üç aý möhletli adatdan daşary ýagdaý” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri sebäpli 10 welaýatyň tebigy apat sebiti diýlip yglan edilendigini nygtap, 3 aý möhletli şol welaýatlary öz içine alýan adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini habar berendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan dünýä liderlerine sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň ýer titremesi sebäpli özlerine telefon eden döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna sagbolsun aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan: “Ýurdumyzyň şu agyr günlerinde kömek goldawyny we kömek teklibini ýetirmek üçin bize telefon eden, ýüzlenme uğradan, beýannama beren ähli dostlarymyza, ähli döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna sagbolsun aýdýaryn. Halkara jemgyýetçiliginiň goldawy, geljek kömekleriň düzümi ýaly biziň üçin ruhy taýdan gymmatlydyr” diýdi.

“Watan” gazeti “Dünýä meşhur sungat ussatlary Türkiýä goldaw ýüzlenmelerini berdiler” söz başyly habarynda, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde harabalyklaryň aşagynda galanlar üçin gözleg we halas edişler dowam edýän bolsa, dünýä meşhur sungat ussatlarynyň Türkiýä goldaw ýüzlenmelerini berendiklerini ýazýar. Rassell Grou, Antonia Banderas, Ýewgeni Grinko, Mark Alan Ruffalo,  Jeý Jeý Jonson, Dua Lipa we Mark Eliýagu ýaly ençeme aktýor we sungat ussady sosial media arkaly Türkiýä duýgudaşlyk bildirdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýe ýek-ýumruk boldy” söz başyly habarynda, Antalýadaky syýahatçylar tarapyndan ýer titremesinde ejir çekenler üçin 9,450 otagyň taýýarlanandygyny mälim edýär. Gazet 15 müň adam üçin niýetlenen ýerleriň bölünip berilendigini we onuň sanynyň artdyrylmagy üçin degişli işleriň alynyp barylýandygyny ýaýzar. Ýurduň ençeme şäherinde raýatlar gan bermek üçin uzyn nobata durdular.

“Star” gazeti “Ençeme ýurt Türkiýä maliýe kömegini berer” söz başyly habarynda, birnäçe ýurduň 10 welaýatda agyr ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremeleri sebäpli ejir çeken raýatlar üçin kömek gaznalaryny döredendigini ýazýar. Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifiň görkezmesi boýunça Türkiýe üçin gazna döredilen bolsa, Taýwan 2 million dollar kömek berjekdigini beýan etdi. ABŞ hem Türkiýe we Türkiýä ynsanpwer kömek serişdesini berjekdigini habar berdi. Gyrgyzstanda hem ýer titremesinde ejir çekenler üçin kömek kampaniýasy başladyldy.



Degişli Habarlar