Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň orun tutýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan 9 ýurda “konsullyga ýapmak boýunça” reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Aýdyn welaýatynda ýaşlar bilen geçiren duşuşygynda Stambuldaky konsullyklaryny ýapmak hakynda karara gelen 9 ýurda reaksiýa bildirendigini ýazýar. İlçileriň Daşary işler ministrligine çagyrylyp, olara ultimatum berilendigini we “Eger bu dowam etse, netijesi agyr bolar” diýlen duýduryşyň berilendigini ýatladan Erdygan; “Ýekşenbe güni ministrler kabinetiniň mejlisini geçireris. Mejlisde-de degişli kararlary kabul ederis” diýdi.
“Hürriýet” gazeti “Warank: Ammarlaýyş tehnologiýalarynda Türkiýäniň pozisiýasyny güýçlendirmek isleýäris” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň Kaýseri welaýatynda Ýewropanyň ilkinji we ýeke-täk slindr biçüwli litium-ion batareýa önümçilik desgasyna baryp görendigini mälim edýär. Warank: “Batareýa senagatynda-da, ammarlaýyş tehnologiýalarynda-da Türkiýäniň pozisiýasyny güýçlendirmek isleýäris” diýen sözlerini çap edýär.
“Star” gazeti “Daşary ýurtlardan uly gyzyklanma bar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň dünýäde öz deňiz asty gämisini dizaýn edilen öndürýän 5-6 ýurtdan biri boljakdygyny mälim edýär. Synag önümçiligine başlanan milli deňiz asty gämisi “STM500” 2023-nji ýylda ulanylmaga beriler.
“Sabah” gazeti “Oba hojalyk pudagynda eksport rekord derejede artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň oba hojalyk pudagynyň 2,8 milliard dollarlyk eksport bilen ýanwar aýy boýunça iň ýokary derejä ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Kappadokiýada ýanwar aýynda syýahatçy sany artdy” söz başyly habarynda, taryhy, medeni baýlyklary we tebigy gözellikleri bilen ýerli hem-de daşary ýurtly syýahatçylaryň üns merkezinde durýan Kappadokiýa ýylyň ýanwar aýynda 174,222 adamyň gezip görendigini mälim edýär. Şol mukdar 2023-nji ýylyň birinji aýynda geçen ýyllar bilen deňeşdirilende rekord dereje.
Degişli Habarlar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.