Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1941423
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Türkiýe töwellaçy boldy, Norwegiýa egilşik etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň duýduryşy netijesinde Norwegiýanyň Gurhanyň ýakylmagyna beren rugsadyny bes edendigini aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çelik konsullyklaryny ýapan ýurtlara reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretary Ömer Çeligiň Türkiýede konsullyklaryny “howpsuzlyk” sebäpli ýapan ýurtlara reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Ömer Çelik; “Türkiýe howpsuz ýurt. Howpsuzlyk güýçlerimiz işiniň başyndadyr. Häzirki wagtda howpsuz häsýetlendiriljek ýurtlar; immigrant duşmany we yslama duşman syýasy hereketiň demokratiýalara garşy durýan, mukaddes kitabymyz Gurhanyň ýakylan ýerleridir. Türkiýä zeper ýetiriji beýanatlary ret edýäris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Warank: Ýaragly we ýaragsyz howa ulaglarymyzy satyn almak üçin döwletler nobata durdy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň düýn beren beýanatynda Türkiýäniň goranyş senagatynda möhüm ösüşler edýandigini nygtap; “Ýaragly we ýaragsyz howa ulaglarymyzy satyn almak üçin döwletler nobata durdy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “HÜRJET” hereketlendi” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demiriň düýn sosial media hasabyndan beren habarnamasynda “Türk goranyş senagaty Respublikasymyzyň 100-nji ýylynda işini irginsiz dowam etdirýär. “Reaktiw tälim we Ýeňil hüjüm uçary “Hüržet” hereketlendi. Nobat uçuşa geldi” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Ministr Muş: Ýanwar aýynda eksport 19,4 milliard dollara ýetdi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Mehmet Muşuň ýanwar aýyna degişli daşary söwda görkezijileri boýunça beýannama berendigini mälim edýär. Ministr Muş; “Türkiýe esasy önümçilik merkezlerinden biri. 2023-nji ýylda-da üstünligimiziň dowam etjekdigine doly ynanýarys. Ýanwar aýynda eksport 10,4 göterim ýokarlap, 19,4 milliard dollara barabar boldy” diýdi.



Degişli Habarlar