Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

“Ýeni Şafak” gazeti” Erdoganyň Şwesiýa hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gurhanyň ýakylmagyna-ýyrtylmagyna ýol bermäge dowam eden halatynda Şwesiýanyň NATO agzalygyny “kabul” etmejekdiklerini aýdandygyny ýazýar. Erdogan düýn beren beýannamasynda; “Finlýandiýa meselesine oňyn garaýarys. Emma Şwesiýa meselesine oňyn däl. Onun şeýledigi bilinsin” diýdi.
“Haber Türk” gazeti “Ministr Şawuşoglunyň Şwesiýa we Finlýandiýa hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn beren beýannamasynda Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk tapgyry hakynda; “Şwesiýadan anyk başlangyçlar görmedik. Türkiýäniň howpsuzlyk boýunça aladalaryna düşünmeklerine garaşýarys” diýen bolsa, Finlýandiýanyň agzalygy hakynda; “NATO üçtaraplaýyn ähtinamany aýyrsa, Türkiýe Finlýandiýanyň agzalygyna has oňyn garar” diýendigini ýazýar.
“Sabah” gazeti “Ministr Akar: Hüjümlere gyssagly we eşsesi bilen garşylyk görkezýäris” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Yragyň demirgazygyndaky harby baza hüjüm guralandygy hakyndaky habarlar barasynda: “Wagtal-wagtal meçew bermeler, hüjümler bolýar we biz degişli gaýtawuly eşsesi bilen görkezýäris” diýen sözlerini çap edýär.
“Star” gazeti “Belgiýanyň döwlet teleýaýlymy: Ýewropaly liderleriň hötdesinden gelip bilmedik işini Erdogan amala aşyrdy” söz başyly habarynda, Belgiýanyň döwlet teleýaýlymy “RTBF-niň” Türkiýe bilen bagly üns çekiji harbary ýaýlyma berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Prezident R.T.Erdoganyň esasanda halkara derejede ähmiýetli deňagramly başlangyçlar edýandigi nygtalýar. Prezident Erdoganyň ýewropaly liderleriň hötdesinden gelip bilmedik işini amala aşyrandygy bellenilýär.
“Hürriýet” gazeti “Antalýa syýahatçylykda ýanwar aýynyň rekorduny goýdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahatçylyk merkezi Antalýada 2023-nji ýylyň ilkinji aýynda ähli döwürleriň rekordunyň goýulandygyny mälim edýär. Ýanwar aýynda Antalýa howa ýoly bilen gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirlende 58 göterim ýokarlap, 291,647 adama deň boldy.