Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1938020
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türkiýäniň Şwesiýa NATO boýunça ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň Prezident R.T.Erdoganyň başlyklyk etmeginde Beştepede geçirilendigini ýazýar. Mejlisden soň çap edilen jarnamada Şwesiýa ýüzlenme berilip; “NATO agza bolmak isleýänler borçlaryny ýerine ýetirmeli” diýilýär. Türkiýe NATO agzalygy üçin Şwesiýanyň wadalaryny berjaý edip, terror guramalaryna berýän goldawyny bes etmegini we terrorçylary yzyna bermegini isleýär.

“Hürriýet” gazeti “Çelik: Meçew bermeleriň aňyrsynda Türkiýe duşmançylygy bar” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretqary Ömer Çeligiň Şwesiýadaky masgaraçylykly Gurhany ýakma aksiýasynyň aňyrsynda Prezident Erdogana we Türkiýä duşmançylygyň bardygyny aýdandygyny ýazýar. Çelik, meçew bermäniň faşistik düşünjedigini beýan etdi.

“Star” gazeti “Finlýandiýa Türkiýä ýarag embargosuny bes etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň NATO agzalygy üçin Şwesiýadan we Finlýandiýadan talap edýän şertlerinden biri bolan ýarag embargosunyň aýrylmagy boýunça Şwesiýadan soň Finlýandiýanyň hem işe girişendigini ýazýar. Finlýandiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada Türkiýä goýulan harby enjamlaryň eksportunyň gadagançylygynyň bes edilendigi habar berildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Altun Elon Maska çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Geçmişde Türkiýä goýulan gizlin senzuralary ýatladan Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunuň Twitteriň ýolbaşçylaryna we Elon Maska ýüzlenendigine ünsleri çekýär. Altun: “Geçmişde Twitter arkaly Türkiýäniň syýasy jemgyýetçiligine nähili ugrukdyrmalaryň edilendigini aç-açan beýan ediň. Hormatly Prezidentimiz Erdoganyň, biziň sosial media hasaplarymyza nähili gizlin senzuralaryň goýulandygyny paş ediň” diýip, çagyryş berdi.

“Sabah” gazeti “Älem giňişligine gitjek dalaşgärler kesgitlenýär” söz başayly habarynda, Senagat we  tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň älem giňişligine gitjek dalaşgärleriň kesgitlenendigini, golaýda Prezident Erdoganyň olary yglan etjekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Taslamanyň çäginde iki dalaşgar kesgitlener. Dalaşgärlerden biri Türkiýäniň ilkinji kosmonawty derejesine eýe bolup, Halkara Kosmos Bekedine ugradylar.



Degişli Habarlar