Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň orun tutýar.

1936864
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdoganyň Şwesiýa NATO wetosy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda Gurhanyň ýakylan pespäl aksiýasyny görmediksirän Şwesiýanyň hökümetine berk reaksiýa bildireendigini ýazýar. Erdogan: “Şwesiýanyň hökümeti hukuklara we azatlyklara şeýle sarpa goýýan bolsaňz, ilki Türkiýe Respublikasynyň we musulmanlaryň dini ynanjyna sarpa goýuň. Eger sarpa goýmaýan bolsaňyz, bagyşlaň, bizden hem NATO meselesinde goldaw almarsyňyz” diýdi.

“Star” gazeti “ÝB yglan etdi: Stambulda uly göwrümli maslahat geçiriler” söz başyly habarynda, ÝB-niň Türkiýe toparynyň Başlygy İlçi Nikolas Meýer-Landrudyň Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan güni mynasybetli 22-nji fewralda Stambulda uly göwrümli maslahatyň geçiriljekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Ministr Dönmez: “Mukawemet” gämisi deňiziň düýbünde barlaglar geçirmek üçin flotumyza goşuldy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň düýn beren beýannasynda Gara deňiziniň çuňluklarynda energetika bazasyny gurandyklaryny aýdyp; “Olar üçin hem ýörite gämiler zerur. “Mukawemet” atly gäi deňiziň düýbünde barlaglar geçirmek üçin flotumyza goşuldy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň Demirgazyk Afrika edýän eksporty artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Eksportçular Mejlisiniň görkezijilerine görä Türkiýäniň Demirgazyk Afrika ýurtlaryna eksportunyň geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,1 göterim ýokarlap, 13,1 milliard dollara barabar bolandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Sarp edijileriň ynam ikdeksi ýokarlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň we Merkezi bankynyň görkezijilerine görä sarp edijileriň ynam indeksi ýanwar aýynda 79,1 göterime barabar boldy. Dekabr aýynda şol mukdar 75,6 göterime deň bolupdy.



Degişli Habarlar