Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1912107
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Hiç kimden rugsat almaýyşymyz ýaly hiç kime hasabatam bermeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda; “Ýurdumyzyň serhetlerini 30 kilometr çuňlukda howpsuzlyk zolagy bilen goramak hakynda kabul eden kararymyz başdan geçirilýän her bir wakada hasam berkeýär. Müňlerçe kilometr alysdan gelip terrorist-bigünä tapawudy goýmazdan ähli ýeri ýykyp-ýumurýanlar Türkiýäniň bu kararyna sarpa goýmaly. Biz hiç kimden rugsat almaýşymyz ýaly hiç kime hasabam bermeris. At çalyşma oýunlary bilen özüni tanadan terror guramasyny goldaýanlaryň gadyrbilmezliklerine geçirimlilik etmeris” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Prezident Erdogan Yslam dünýäsine Gresiýa boýunça çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça Hemişelik geňeşiniň 38-nji mejlisinde çykyş eden Prezident R.T.Erdoganyň “Yslam dünýäsi Gresiýada zulum çekýän doganlarymyzyň ýagdaýyna synçy bolup galmasyn. Gresiýadaky doganlarymyzyň gaznalary we emläkleri ellerinden alynýar, ene dillerini öwrenmeklerine rugsat berilmeýär, muňa synçy bolup galmalyň” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşoglynyň Müsüre Ilçi bellemek hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýe-Müsür gatnaşyklary hakynda “Geljek aýlarda ilçi belläris” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Terrora agyr zarba” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň demirgazygynda geçirilen “Ýefrat Galkany”, “Zeýtun Şahajygy” we “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýalarynda 6 ýylyň dowamynda 16,913 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Mawy baýdakda çarpaýa galýarys” söz başyly habarynda, Mawy baýdak almakda İspaniýadan we Gresiýadan soň üçünji orny eýeleýän Türkiýede mawy baýdakly plýažlaryň sanynyn 2020-nji ýylda 486-a, 2021-nji ýylda 519-a, 2022-nji ýylda bolsa 531-e ýetendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar