Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1911601
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Türkiye howpsuzlygy üçin ähli çärelerleri görmäge hakly” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň serhetaşa operasiýalar hakynda Türkiýäniň öz howpsuzlygy üçin serhetleriniň daşynda kesgitlän ýerlerinde ähli çäreleri görmäge hukugynyň bardygyny, ondan peýdalanmagynyň öňüne hiç kimiň geçip bilmejekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ysraýylyň mediasy: Türkiýäniň öňüne geçip biljek güýç ýok” söz başyly habarynda, PKK-nyň Stambulda we Gaziantepde guran hüjümlerinden soň Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyna guran harby howa operasiýasy hem-de Prezident Erdoganyň guryýer operasiýasy hakyndaky beýanatynyň dünýä metbugatyndan giň seslenme döredendigini mälim edýär. Soňky gezek “Haares” gazetiniň analiz makalasynda Türkiýäniň Siriýa operasiýasyna taýýardygyny, ABŞ-nyň onuň öňüne geçip bilmejekdigi mälim edilýär.

“Hürriýet” gazeti “Gara deňiz gazynda buşlukly habar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Gara deňizde Sakarýa tebigy gaz käniniň golaýynda täze burawlaýyş işleriniň geçirilýändigini, Çaýjuma-1 guýusyndan ilkinji netijeleriň gowy çykandygyny aýdandygyny ýazýar. Çukurowa giňişliginde bolsa häzirki wagtda 3-nji nebit guýusynyň açylandygyny, 8-10 milliol barrelle barabar ätiýajyň tapylandygyny beýan eden ministr Dönmeziň; “Tas suwuň derejejesinde nebit tapdyk. Ol uly netije” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň Saud Arabystany hakyndaky beýanaty: Ylalaşdyk” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Nureddin Nebatiniň Saud Arabystanynyň Söwda ministri Mažid bin Abdullah Al Kasabi bilen duşuşandygyny mälim edýär. Ministr Nebati geçiren duşuşykda iki ýurduň arasynda ykdsyadyýet, söwda we maliýe ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda pikir alyşandyklaryny nygtap; “Hormatly  ministr bilen hyzmatdaşlymyzy degişli ugurlarda hasam ösdürmek boýunça ylalaşdyk” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “8-nji Bütindünýä Halal Maslahaty we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 9-njy EXPO sergisi ýapyldy” söz başyly habarynda, Stambul sergi merkezinde geçirilen 8-nji Bütindünýä Halal maslahatynyň öz işini tamamlandygyny ýazýar. 40 ýurtdan 500-e golaý firmanyň gatnaşan Halal Expo sergisinde 1 milliard dollarlyk iş mukdaryna ýetilmegine haraşylýandygy mälim edilýär.



Degişli Habarlar