Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň orun tutýar.

1902802
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Türkiýäniň üstünligini analiz etdiler” söz başyly habarynda, Russiýanyň galla ylalaşygyndan çekilmeginden soň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Prezident R.T.Erdoghan bilen gepleşik geçirenden soň ylalaşyga gaýtadan goşulmagyny analiz eden “Finansal Taýms” gazetiniň Erdoganyň pozisiýasyna ünsi çekip; “Prezident Erdoganyň güýçli pozisiýasy bar” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Biz Türkiýä minnetdar” söz başyly habarynda, Ukrainanyň Türkiýedäki İlçisi Wasyl Bodnaryň galla meselesindäki möhüm pozisiýasynyň başda durmagynda ýesirleriň çalşygy we beýleki ugurlardaky parahatçylykly tagallalary sebäpli ukrain halkynyň Türkiýä minnetdardygyny aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe bag oturtmak boýunça Ýewropada birinji orunda durýar” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministri Wahit Kirişçiniň bag oturdyş işlerini alyp barýan ýurtlaryň arasynda Türkiýäniň Ýewropada 1-nji, dünýäde 4-nji orunda durýandygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türk ýaragly güýçleriniň gullukçylary Dünýä kubogy üçin Katarda iş alyp barýar” söz başyly habarynda, Katarda guraljak FİFA 2022 Dünýä kubogynyň howpsuzlygy boýunça borçlandyrylan Türk ýaragly güýçleriniň gullukçylarynyň Birleşen bilelikdäki iş güýçleriniň çäginde öz işine başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ruslar Türkiýäni saýlap aldy” söz başyly habarynda, Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy çap eden hasabatlaryna görä iýul-awgust-sentýabr aýlarynyň aralygynda 9,7 million rusuň daşary ýurtlara syýahat edendigi mälim edilýär. Ruslaryň isleg birildiren ýurtlarynyň hatarynda Türkiýe ikinji orunda durýar.



Degişli Habarlar