Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1886642
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň düýn Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berýär. Telefon söhbetdeşliginde Erdogan Putinden gepleşiklere ýene-de bir mümkinçilik berilmegini isledi. 

Sabah gazedi: "Ministr Çawuşoglynyň Gresiýa bilen bagly beýannamasy" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Gresiýanyň meçew bermeleri bilen baglanşykly beýannama berendigini mälim edýär. Ministr Çawuşogly: "Gresiýa adalary ýaraglandyrýan mahaly biz hem gerek bolan ädimleri ederis" diýip nygtady.

Haber Türk gazedi: "TÝG 140 uzaklykda operasiýa geçirdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn beren beýanatynda: "Türkiýäniň Ýaragly güýçleri 27-nji sentýabrda 140 km girdi, Yragyň demirgazygyndaky Asosda terrorçylara degişli 16 gowagy, gaçybatalgany, ştaby ýok etdi" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazedi: "Zelenskiýden Erdogana minnetdarlyk" söz başyly habarynda, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň, düýn Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginden soň beren beýanatynda: "Ukrainanyň sebitleýin bütewiligine we özygtyýarlylygyna berýän goldawy üçin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana minnetdarlyk bildirýärin" diýendigini aýan edýär.

Star gazedi: "Baýraktar ÝUHU-sy Ýewropada ýene-de bir ýurdyň inwentaryna goşuldy" söz başyly habarynda, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramanyň, ýurdunyň Türkiýeden satyn almak üçin üstünde ylalaşan Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň ýakyn wagtda hyzmata girjekdigini aýdandygyny beýan edýär. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar