Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1885414
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan günbatardan gelýän kömekler Gresiýany halas etmez” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Egeýdäki adalary ýaraglandyrýan Gresiýa berk reaksiýa bildirendigini ýazýar. Günbatar Frakiýa we adalara getirilen ýaraglaryň Türkiýe üçin hiç hili many aňlatmaýandygyny nygtan Erodogan; “Biziň güýjümiz we şertlerimiz ondan has uly” diýdi. Erdogan “ABŞ-dan, Ýewropadan gelen kömekler sizi halas eder öýdýäňizmi? Etmez” diýdi.

“Star” gazeti “Litwa: Türkiýe üçin uly şert döredi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň geografik ýerleşişi taýdan Ýewropa ýakynlygy bilen uly ähmiýete eýedigini we ençeme pudakda möhüm pozisiýa eýeleýändigini beýan eden Litwanyň Türkiýedäki İlçisi Rijardas Degutisiň; “Litwa bilen Türkiýäniň arasyndaky açyljak hyzmatdaşlyk gatnaşygy täze şertleri döreder” diýdi.  

“Sabah” gazeti “Türkiýe ýel energiýasynda Ýewropanyň innowasion merkezi bolmagy nazarda tutýar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatif Dönmez Türkiýäniň ýel energiýasy pudagynda Ýewropanyň we sebitiň täze önümçilik hem-de innowasion merkezine öwrülmegi maksat edinýändigini beýan edendigine ünsleri çekýär. Dönmez Türkiýäniň ýel energiýasy boýunça enjamlary ündürmekde Ýewropada 5-nji orunda durýandygyny nygtap; “2021-nji ýylda 50-ä golaý ýurda 1,5 milliard ýewro barabar ýel turbinasy we enjamlaryny eksport etdik” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Dünýä belli ykdysatçylar Türkiýede duşuşar” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministrliginiň guramagynda geçiriljek “Ykdysady özgerlişik sammitiniň” çäginde dünýäniň belli ykdysatçylarynyň Stambula geljekdigini mälim edýär. 29-njy sentýabr güni öz işine başlajak sammitde 12-den gowrak ýurtda öz ugry boýunça tanalýan alymlaryň gatnaşmagynda täze global ykdysady ulgamyň ýüze çykaran şertleri bilen ençeme ugurda pikir alyşylar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Arap ýaşlary Türkiýäni özüne ýakyn görýär” söz başyly habarynda, Günbatar Aziýada we Demirgazyk Afrikada 17 ýurtda 3,400 adamyň gatnaşmagynda geçirilen “Arap ýaşlarynyň sowalnamasynyň Türkiýäniň ýaşlaryň üns merkezinde durýandygyny ýüze çykardy. Sowalnama arap ýaşlarynyň ABŞ, Britaniýa we Fransiýa ýaly günbatar ýurtlarynyň tersine Türkiýäni, Hytaýy we Russiýany özüne ýakyn görýändigini ýüze çykardy. Sowalnama gatnaşyjylaryň 77 göterimi Türkiýäniň güýçli ýarandygyny beýan etdiler.



Degişli Habarlar