Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1884824
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Gresiýa biziň deňimiz däl” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ministrler kabinetiniň düýnki mejlisinden soň beren beýanatynda Gresiýanyň Egeýe harby güýç getirmegi hakynda durup geçip; “Resmi Afyny meçew bermelerden el çekmeli” diýendigini ýazýar. Prezident Erdogan; “Gresiýa hiç hili şertde bize deň däl. Grek resmileri onuň hasabyny bermeli bolar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Akaryň terrorizme garşy göreş boýunça beýanaty” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn beren beýannamasynda terrorizme garşy göreşiň üstünlikli dowam edýändigini nygtap, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri 36,143 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny mäim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly: Maksadymyz Putin bilen Zelenskiýni duşuşdyrmak” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn Ýaponiýada beren beýannamasynda; “Prezidentimiz Putin we Zelenskiý bilen aragatnaşygyny dowam etdirer. Maksadymyz iki lideri duşuşdyryp, liderleriň derejesinde kararlaryň kabul edilmegini ýola goýmak” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “OECD Türkiýäniň ykdysadyýeti boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasynyň (OECD) Türkiýäniň 2022-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny 3,7 göterimden 5,4-e göterendigini ýazýar.

“Star” gazet “Türklerde has ýokary hilisi bar” söz başyly habarynda, Günorta Afriýa Respublikasynyň Baş ştabynyň Başlygy general Rudzani Maphawanýanyň Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny beýan edip; “Türk goranyş senagatynyň ukybyny bilýäris. Türk goranyş senagaty iň ýokary hili platformalara eýe” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar