Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1883510
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Erdogandan möhüm ýüzlenmeler” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, ABŞ-na guran iş saparynyň soňky gününde Nýu-Ýorkdaky Türköýünde metbugata beýannama berendigini ýazýar.

Prezident Erdogan, BMG-nyň Türkiýäniň garaýyşlaryna uly ähmiýet bermäge başlandygyny belledi.

Erdogan, Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin her bir adamyň jogapkärçilikli hereket etmelidigini nygtady.

“Hürriýet” gazeti, “Nýu-Ýork Taýmesden Prezident Erdoganyň alyp barýan diplomatiýasy hakynda öwgüli sözler” söz başyly habarynda, merkezi ABŞ-da ýerleşýän “Nýu-Ýork Taýmes” gazetiniň, Prezident R. T. Erdoganyň Russiýa-Ukraina krizisinde oýnan roly barada öwgüli sözler ýazandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Gazetde çap edilen makalada, Erdoganyň söweşiň dowamynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap söweşiň dünýä ýurtlaryna ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmaga çalşandygy nygtaldy.

“Ýeni Şafak” gazeti, “BMG, Türkiýä ýesir çalşygy üçin minnetdarlyk bildirdi” söz başyly habarynda, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 200 ýesiriň çalşylmagynda uly rol oýnan Türkiýä minnetdarlyk bildirdini habar berýär.

“Star” gazeti, “Türkiýe bilen Milli harby uçar öndürmek bizi buýsandyrýar” söz başyly habarynda, milli harby uçaryň öndürilmegi üçin Türkiýe- Rolls Roýs hyzmatdaşlygy hakynda beýannama beren Britaniýanyň Daşary işler ministri Jeýms Kleberli “Türkiýe NATO agza ýurt, Rolls Roýs hem iňlis firmasy. Bu hyzmatdaşlyk bizi buýsandyrýar. Dünýäniň çar tarapyndaky dostlarymyzyň hem şeýle firmalar bilen işleşmegini görmek bizi buýsandyrýar” diýdi.

“Watan” gazeti, “Sarp ediji ynam indeksi 72,4 göterim boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi banky tarapyndan taýarlanan habarnama görä, sarp ediji ynam indeksi sentýabr aýynda awgust aýy bilen deňeşdirilende 0,3 göterim artdy.

Awgust aýynda 72,2 göterim bolan indeks, sentaýbr aýynda 72,4 göterime barabar boldy.

 

 

 



Degişli Habarlar