Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1883085
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Prezident Erdoganyň başlangyjy bilen Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda zamun çalşygy amala aşyryldy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen alyp barýan diplomatiýasynyň netijesinde 200 harby zamunyň çalşygynyň amala aşyrylandygyny aýdandygyny habar berýär. 

Star gazedi: "BMG-da möhürlenen sözler: Türkiye takdyra mynasypdyr" söz başyly habarynda, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, Türkiye barada öwgüli sözler aýdandygyny mälim edýär. Olaf Şols: "Türkiyäniň araçylyk etmeginde galla eksporty ýaňadandan ýola goýuldy, takdyra mynasypdyr" diýip nygtady. 

Hürriýet gazedi: "Emine Erdogan: Aşhana medeni mirasyň iň möhüm elementleriniň biridir" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde türk aşhanasynyň tanyşdyrylmak maksady bilen geçirilen gastronomiýa çäresinde: "Aşhana medeni mirasyň iň möhüm elementleriniň biridir" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Sabah gazedi: "Taýar egin-eşik pudagyndan 14,2 milliard dollarlyk eksport" söz başyly habarynda, Taýar egin-eşik pudagynyň eksportynyň, üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe 14 milliard 248 million dollara barabar bolandygyny beýan edýär. Türkiýäniň Eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, 2021-nji ýylyň awgust aýynda 1 milliard 736 million dollara barabar bolan Taýar egin-eşik pudagynyň eksporty, üstümizdäki ýylyň awgust aýynda 6,1 göterim artyp 1 milliard 842 million dollara barabar boldy. Taýar egin-eşik pudagynyň eksporty, 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan 8 aýlyk döwürde 10,9 göterim artyp 14 milliard 248 million dollara çenli baryp ýetdi. 8 aýda Germaniýa 314 million dollarlyk, Ispaniýa 256 million dollarlyk we Britaniýa bolsa 181 million dollarlyk önüm eksport edildi. Awgust aýynda 180 ýurda Taýar egin-eşik pudagynyň önümleri eksport edildi.

Haber Türk gazedi: "Bodruma Kosta Wenezia gämisi bilen 1 müň 502 ýolagçy geldi" söz başyly habarynda, Italiýanyň baýdagyny göterýän “Costa Wenesia” atly ýolagçy gämisiniň Mulga welaýatynyň Bodrum etrabyna gelendigini aýan edýär. Gämi 1502 ýolagçysy bilen Bodruma Kruiz portuna geldi. 323 metrlik gäminiň esasy bölegi germaniýaly, ispaniýaly we italiýaly bolmak bilen jemi 1502 ýolagçysy we 1013 ekipažy bar. Gäminiň ýolagçylary gümrük işlerinden soň Bodrum gezelenjine gitdi.


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar