Türk metbubatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1880150
Türk metbubatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan: Azerbaýjany goldaýandygymyzy bütin dünýä bilsin” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ermenistanyň Azerbaýjanyň ýeňişi bilen gutaran söweşden soň gazanylan ylalaşygyň kadalaryny bozmagynyň kabuledilmesizdigini aýdandygyny ýazýar. “Azerbaýjanly doganlarymyzy goldaýandygymyzy bütin dünýä bilsin” diýen Erdogan; Garabag söweşinden soň gol çekişilen ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmeýşi ýaly, yzgiderli agressiw çemeleşýän Ermenistan üçin onuň elbetde netijeleri bolar” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýapon gazetiniň üns çekiji analizi: Erdogandan aşga çäreleri ýok” söz başyly habarynda, Ýaponiýanyň belli gazetlerinden “Sankei Şimbunyň” Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşinde eýelän töwellaçy pozisiýasyny analiz edendigini ýazýar. Prezident Erodganyň “töwellaçy” pozisiýasyny seljeren gazet, günbataryň Türkiýä bil baglamakdan başga çäresiniň ýokdugyny nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşogly: Türkiýäniň üstünlikleri Gresiýanyň hyrçyny dişledýär” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýäniň halkara arenadaky abraýynyň we gazanýan üstünlikleriniň Gresiýa hyrçyny dişledýändigini aýdandygyny mälim edýär. Yzgiderli häsýetde meçew beriji pozisiýa eýeleýän Gresiýanyň şol sebäpli Türkiýä meçew bermek isleýändigini nygtan Daşary işler ministri, türk harby uçarlarynyň biynjalyk edilmeginiň, S-300 howa goranyş ulgamynyň radiolokasion bloguny açmagynyň muňa mysal bolup durýandygyny aýtdy.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Soýlunyň Gresiýa we Ýewropa wideoly reaksiýasy” söz başyly habarynda, İçeri işler ministri Süleýman Soýlunyň Egeý deňizinde ölüme sezewar edilen bikanun immigrant sebäpli Gresiý reaksiýa bildirendigini ýazýar. Süleýman Soýlu Mugla welaýatynyň deňiz ýalpaklarynda jansyz bedenleri tapylan 2 doganyň wideo ýazgylaryny paýlaşyp, “Siziň adamkärçiligiňize nälet, Ýewropa we Gresiýa, bu gyrgynçylygyň jogapkäri siz” diýdi.

“Sabah” gazeti “Watank: Türkiýede ajaýyp potensial bar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň koronawirus pandemiýasynyň dowamynda Türkiýäniň önümçiligi dowam etdirip, merkezi pozisiýa eýländigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “Türkiýäniň nähili ynamdardygyny büýin dünýä görkezdik” diýen Waran, ýurda global markalaryň maýa goýumlarynyň depginini güýçlendirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar