Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1877737
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan: Putin mamla” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Horwatiýada beren beýanatynda galla eksporty boýunça Putiniň mamla bolan meselesi bar. Galla eksportunda galla önümleri baý ýurtlara gitdi, yzagalak ýurtlara däl. Sanksiýa goýan ýurtlara gallanyň gitmegi Putini biynjalyk etdi. Samarkantda bu meseleleri seljereris. Biz Russiýadan galla eksportunyň başlamagyny tama edýäris” diýdi.

“Star” gazeti “Daşary işler ministrliginiň BMG-niň “Uýgur” habarnamasy boýunça beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Ilçi Tanžu Bilgijiň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň Hytaýyň Sinjan Uýgur Awtanomiýasyndaky adam hukuklarynyň ýagdaýy hakyndaky habarnamasy boýunça “Sebitde ýaşaýan uýgurlar we beýleki musulman azlyklar bilen bagly ýurdumyzyň hem-de halkara jemgyýetçiliginde beýan edilýän aladalary tassyklaýan häsýetde” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Russiýa eksportda taryhy rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Russiýa edýän eksporty awgust aýynda 738,5 million dollara barabar bolup, onuň ähli döwürleriň rekord derejesidigini mälim edýar.

“Hürriýet” gazeti THÝ awgustda 7,8 million ýolagçy gatnatdy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň awgust aýynda içerki we halkara ganatnawlarda 7,8 million ýolagçy gatnadandygyna ünsleri çekýär. Howaýoly kompaniýasynyň 2022-nji ýylyň awgust aýyndaky uçar sany bolsa 387-ä ýetdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Obamanyň Emmi baýragyny alan filminiň afişasy türk dizaýneri tarapyndan taýýarlandy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň ozalky prezidentlerinden Barak Obamanyň “Emmi” baýraklarynda “Yň ussat gürrüň beriji” baýragyna laýyk görülen filmiň afişasynyň Golliwudda agentligi bolan türk dizaýneri Ali Aýdyn tarapyndan taýýarlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar