Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1868223
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

  

“Watan” gazeti “2022-nji ýylyň 29-njy okttýabrynda Türkiýäniň awtoulag zawoduny resmi taýdan açarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň döredilen gününiň 21 ýyllygy mybasybetli geçirilen dabarada sözlän sözünde, Türkiýäniň ýerli awtuoulagy “TOGG-yň” ähli taýýarlyklarynyň tamamlanandygyny beýan edip; “2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkiýäniň awtoulag zawoduny resmi taýdan açarys. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde awtoulagymyzy ýollarda görmäge başlarys” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “ABŞ-nyň Türkiýä F-16 boýunça çakylygy” söz başyly habarynda, Türkiýeden harby wekiliýetiň F-16 harby uçarynyň alynmagy hem-de olaryň döwrebaplaşdyryş tapgyry boýunça gepleşikler geçirmek üçin ABŞ-na gidendigini mälim edýär. Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada wekiliýetiň ABŞ-nyň çakylygyna laýyklykda gidendigi nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Fransuz mtbugatynda gün tertibinde Türkiýe we ÝUHU-lar bar” söz başyly habarynda, dünýäniň ýerli we milli türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny gün tertibinden düşürmeýändigini, soňky gezek fransuz metbugatynyň “Baýraktar TB2” we “Gyzylalma” hakynda giň gerimli makalalary çap edendigini ýazýar. “TB2” Ukraina üçin “güýçli ýaran” hökmünde häsýetlendirilýän bolsa, türk ÝUHU-larynyň bütin dünýäde üstünlik gazanandygy beýan edilýär. “Gyzylalma” konsepsiýasyna aýratyn üns çekilýär.

“Hürriýet” gazeti “BMG türk syýahatçylygy hakynda öwgüli sözler aýtdy” söz başyly habarynda, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş Sekretary Zurab Pololikaşwiliniň Türkiye hakynda “Türkiye elbetde öňdebaryjy syýahatçylyk destinasiýalaryndan biri. Syýahatçylary özüne çekmek üçin gerek bolan hünärmen adam resurslaryna we resminamalara eýe” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Stambul howa menzili geçen hepde Ýewropanyň iň gelim-digimli howa menzili boldy” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň awgust aýynyň 8-14-i aralygynda Ýewropadaky iň gelim-gidimli howa menzilleriniň hatarynda günde ortaça 1332 uçuş bilen birinji orny eýeländigini ýazýar.

 



Degişli Habarlar