Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1867718
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Türkiýäniň seslenme döretjek başlangyjy” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň 12 ýurtda “BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Özgertme: Halkara ulgamyň üýtgedilip gurulmagy boýunça täzeçe çemeleşme” temaly ylmy-amaly maslahatlar tapgyryny gurajakdygyny ýazýar. Kommunikasiýalar edarasynyň BMG-niň özgerdilmegi boýunça ýokary depginli publiki diplomatiýa alyp barýandygyny beýan eden Kommunikasiýalar edarfasynyň Başlygy Fahrettin Altun, maslahatlar tapgyrynyň halkara arenada seslenme döretjekdigini aýtdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli goranmak ministrliginiň Kipr boýunça habarnamasy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada, grek terror guramasy EOKA-nyň 1958-nji ýyldan bäri ulgamlaýyn häsýetde Kipr türklerine hüjümlere başlandygyny ýatladyp; “Şol hüjümler wagtyň geçmegi bilen türklere garşy gynama we rehimsiz jenaýatlar bilen genosite öwrüldi” diýilýändigini ýazýar. Beýannamada “Kiprde ýeke-täk özgüdiň iki döwletli ulgamdygy görülmeli” diýilýär.

“Sabah” gazeti “Türkiyede goranyş senagatynyň öňi açyk” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy İsmail Demiriň Türkiyede harby goşunyň we howpsuzlyk güýçleriniň tas ähli işleğini kanagatlandyrjak derejede iş alynyp barylýandygyny beýan edip; “Türkiyede goranyş senagatynyň öňi açyk” diýen sözlerini çap edýär. Türk goranyş senagatynyň soňky ýyllarda uly başlangyçlary iş ýüzüne geçirendigini nygtan Demir; “Dünýäde ençeme üstünlikler gazanjakdygymyza doly ynanýaryn” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň dokma eksporty 7 aýda 6 milliard dollardan geçdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň dokma we onuň çig mallary pudagynyň ýanwar-iýul aýlarynyň arasyndaky geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,5 göterim ösüş edip, 6,1 milliard dollara barabar eksport edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýylyň 7 aýynda bolsa pudak İtaliýa 635, ABŞ-na 340 we İspaniýa 323 million dollarlyk eksport etdi.

“Watan” gazeti “Ýerli awtoulag boýunça ilkinji sene kesgitlendi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Awtoulag başlangyç toparynyň (TOGG) zawodunyň 29-njy oktýabrda Kojaeli welaýatynyň Gebze şäherinde açyljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank “Türkiýäniň awtoulagynyň zawoduny 29-njy oktýabrda açarys. Ulaglarymyz tapgyrýan öndürilmäge başlanar” diýdi.



Degişli Habarlar