Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1866850
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde çykyş etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn beren beýanatynda; “Türkiýäniň elektrik önümçilik mümkinçiligine ýollyk 1,9 milliard kilowatsagada barabar goşant goşjak iň uly bekedimiz Ýusufeli ulanmaga berilmäge taýýar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Flores: Türkiýäniň eýeleýän pozisiýasy meni buýsandyrýar” söz başyly habarynda, Guatemalanyň Daşary işler ministri Floresiň Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşinde eýeleýän pozisiýasyna ünsleri çekip; “Türk diplomatiýasynyň bärde eýelän pozisiýasy meni buýsandyrýar. İňňän möhüm ylalaşygy iş ýüzüne geçirdiler we bütin dünýä umyt bagşetdiler” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Dönmeziň tebigy gaz hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň düýn Gara deňizde tapylan gaz hakynda beren beýanatnda; “Mart aýynda öz gazymyzdan peýdalanarys” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Karaismailogly Stambul howa menziliniň birinjiligi elden bermeýändigini aýtdy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň Stambul howa menziliniň Ýewropanyň howa menzillerinden öňe geçip, birinjiligi günsaýyn berçinleýändigini nygtap; “Stambul howa menzili ýaly ägirt uly maýa goýumlarymyz we görülen beýleki çäreleriň netijesinde goş-golam, gatnaw we uçuşlarda bökdençlik, kynçylyk çekmeýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “THÝ iýul aýynda 7,8 million ýolagçy gatnatdy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň iýul aýynda içerki we halkara ugurlar boýunça 7,8 million ýolagçy gatnadandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar