Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1864015
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Ministr Çawuşogly: Türkiýe tagallasyny dowam etdirer” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn beren beýannamasynda “Türkiýe, Russiýa-Ukraina söweşiniň başyndan bäri ýokary derejeli tagalla edýär. Biz tagallamyzy dowam etdireris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Peskow galla geçelgesi hakynda beýanat berdi: Erdoganyň goşandy uly” söz başyly habarynda, Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary Dmitriý Peskowuň düýn beren beýannamasynda 22-nji iýulda Stambulda gol çekişilen galla geçelgesi hakyndaky ylalaşyk hakynda durup geçip; “Prezident R.T.Erdoganyň şahsy goşandyny nygtasym gelýär” diýen sözlerini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Karaismailgoly: Maksadymyz Türksat 6A-ny 2023-nji ýylyň 2-nji çärýeginde älem giňişligine uçurmak” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň “Maksadymyz 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Türksat 6A-ny älem giňişligine uçurmak. 2023-nji ýylda Türksat 6A-ny älem giňişligine uçursak, älem giňişliginde öz emeli hemrasy bolan 10 ýurduň hataryna goşularys” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Ýerli awtoulag TOGG-yň tolgundyran habarnamasy” söz başyly habarynda, ýerli awtoulag “TOGG-uň Twitter hasabyndan berilen habarnamada “Gemlikäki desgamyzda gurnalan ilkinji “TruGo” dolduryjy emjamlarymyzy synagdan geçirmäge başladyk. Enjam 25 minutda batereýany 80 göterime çenli doldurdy” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Garaşllyk Hasan” filmi Fransiýada uly gyzyklanma döretdi” söz başyly habarynda, režisýor Semih Kaptanoglunyň baýrakly filmi “Garaşlylyk Hasan” atly kino-filmiň tomşaçylaryň dykgatyna hödürlenendigini ýazýar. Ýurduň esasy neşirýat organlary film hakynda öwgüli sözler çap etdiler.



Degişli Habarlar