Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1863562
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary işler ministri Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny nygtap; “Hüjümleriň bes edilmegi boýunça tamamyzy beýan etdik. Sebitmiziň we dünýäniň parahatçylygy üçin tagallamyzy dowam etdireris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “ABŞ Türkiýä “galla meselesinde sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň galla gämisi “Razoniniň” ylalaşyga laýyklykda ýoluny dowam etdirmegine kanagatlanma bildirip, tagallasy üçin Türkiýa sagbolsun aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Eksportda täze rekord” söz başyly habarynda, Söwda ministri Mehmet Muşuň; “İýul aýynda eksportumyz geçen ýylyň degişli döwrüne görä 13,4 göterim ýokarlap, 18,6 milliard dollara barabar boldy. Ol, iýul aýy boýunça hasaba alynan iň ýokary eksport görkezijisidir” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “İş alyp barmaga taýýar: Türkiýe üçin nebit we tebigy gaz gözlär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň nebit we tebigy gaz gözleg işleriniň ýokary depginde dowam edýändigine ünsleri çekýär. “Abdulhamid Han” burawlaýyş gämisi 9-njy awgustda guraljak dabara bilen öz işine başlar.

“Hürriýet” gazeti “Kuşadasyna 3 gämi bilen 8,270 syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabynyň “Ege port” deňiz portuna düýn Bahama degişli “Odisseý Of The Seas”, İtaliýa degişli “Kosta Wenessia” we Panama degişli “MSC Armoni” atly 3 sany ägirt kruiz gämisi bilen 8,270 syýahatçynyň gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar