Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1862897
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Galla ýüklenen “Razoni” atly gämi Stambulyň ýalpaklaryna labyryny taşlady” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginden berilen beýannama görä Ukrainanyň Odessa portundan ugran mekge-jöwen ýüklenen “Razoni” atly gury ýük gämisi Stambulyň Bosfor bogazynyň Gara deňiz tarapyna gelip, labyryny taşlandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Bu jebislik bütin dünýä üçin güýçli ýüzlenme” söz başyly habarynda, Türkiýe-Özbegistan-Azerbaýjan Daşary işler we Ulaglar ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahatynda beýannama beren ministr Mewlüt Çawuşoglynyň “Türk dünýäsiniň eşredini ýokarlandyrjak işjeň başlangyçlara şeýle maslahat bilen öňbaşçylyk edilmeli. Şu duşuşygyň özem hem halklarymyza hem-de dünýä üçin güýçli ýüzlenme berýär” diýen sözlerini çap edýar.

“Watan” gazeti “Altyn we kümüş buşlugy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň “Çanakgala welaýatynda 80-100 milliard dollarlyk altyn we kümüş häzirki wagtda ýeriň aşagynda” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ülje mermeri 60 ýurda eksport edilýär” söz başyly habarynda, Elazyg welaýatynda dünýäde diňe Alajakaýa etrabyndan çykarylýan ülje mermerinin Amerika, Hytaý, Fransiýa, İtaliýa we Saud Arabystany ýaly 60 ýurda eksport edilýändigine ünsleri çekýär. Mermer Ak Tam, Amerikan Kongresiniň binasy, Al-Aksa metjidi we Käbe ýaly dünýäniň abraýly ýerlerinde ulanylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Kruiz gämilerinden 6 aýda 200 müň ýolagçy” söz başyly habarynda, koronawirus pandemiýasynyň gutarmagyndan soň kruiz syýahatçylygynda başlan artyşyň Türkiýe üçin girdejili bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýylyň 6 aýynda 286 gämi 200 müňe barabar ýolagçy bilen portlara geldi. 2022-nji ýylda 900 kruiz gämisinden 1,5 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar