Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1862506
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Tapgyryň kadaly dowam etmegi üçin her dürli tagallany edýäris" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda, bütin dünýäniň ýakyndan gözegçilik edýän galla krizisiniň hötdesinden gelmek üçin edilýän ädimiň dolulygyna Türkiýäniň tagallasynyň önümidigini, her kim tarapyndan kabul edilýändigini, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ony Türkiýä minnetdarlyk bildirip beýan edendigini aýdandygyny habar berýär. Galla ýüklenen gäminiň düýn Odessadan ýola çykandygyny ýatladan Erdogan: "Türkiýe-Russiýa-Ukraina we BMG-nyň hyzmatdaşlyk etmeginde dowam edýän tapgyryň kadaly ýagdaýda dowam etmegi üçin her dürli tagallany ederis" diýip nygtady. 

Hürriýet gazedi: "Stoltenberg: Bu möhüm rol üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirýärin" söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň, Odessa portyndan ýola çykan ilkinji galla gämisi bilen baglanşykly: "BMG-nyň araçylyk etmeginde gazanylan ylalaşygyň çäginde Odessadan ýola çykan Ukraina degişli galla eksportyndan hoşaldyrys. Bu möhüm rol üçin hyzmatdaşymyz Türkiýä minnetdarlyk bildirýärin" diýendigini mälim edýär. 

Star gazedi: "Terror guramasynda uly çökgünlik" söz başyly habarynda, Terrora garşy göreş barada beýannama beren Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň: "2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 2 müň 226 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Gelen aňtaw maglumatlaryna görä terror guramasynda uly çöküş bar, olar lapykeç. Terrorçylaryň hiç biri howpsuzlyk astynda däl, olaryň arkasyndadyrys" diýendigini beýan edýär. 

Haber Türk gazedi: "ABŞ-nyň we Ýewropanyň kakadylan pomidory Manisa welaýatyndan" söz başyly habarynda, Manisa welaýatynyň Saruhanly we Turgut etraplarynda ýetişdirilen pomidorlaryň, kakadylmak üçin meýdanlara serilmäge başlanandygyny aýan edýär. Kakadylan pomidorlar ABŞ başda bolmak bilen Beýik Britaniýa, Italiýa, Germaniýa we Russiýa ugradylýar. 

Ýeni Şafak gazedi: "Antalýa howadan syýahatçy ýagdy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahatçylygynyň paýtagty Antalýa iýul aýynda howa ýollary arkaly 2 million 403 müň 992 daşary ýurtly syýahatçynyň gelendigini, ýylyň ilkinji 7 aýlyk döwründe Antalýa gelen ýolagçylaryň sany 6 million 688 müň 506-a ýetdi. 


Etiketkalar: #gazet , #habar , #metbugat

Degişli Habarlar