Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1857189
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogan: Siriýada terrorçylaryň merkezlerini söküp aýyrarys" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň arasynda geçirilen Astana formatyndaky Üçtaraplaýyn maslahatda anyk ýüzlenmeleri berendigini habar berýär. Erdogan: "Milli howpsuzlygymyza wehim salýan terrorçylaryň merkezlerini Siriýadan söküp aýyrarys. Tel Ryfat we Manbij terrorçylaryň merkezlerine öwrüldi" diýip nygtady.

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Terrora garşy raýdaşlyk içinde göreş alyp barmalydyrys" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Tähranda beren beýanatynda Türkiýe we Eýran üçin howp emele getirýän terrora garşy bilelikde göreş alyp barmak barada çagyryş berendigini mälim edýär. Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi hem: "Terrorçylaryň we terror guramalarynyň tapawutly atlary bolup biler, adamlara howp emele getirýän islendik adam terrorçydyr" diýip belledi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýe bilen Eýranyň arasynda 30 milliard dollar söwda maksatnamasy" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Eýran bilen aralaryndaky söwda mukdaryny 7,5 milliard dollara ýetirendiklerini, iň gysga wagtda bolsa şol mukdary 30 milliard dollara ýetirmegi umyt edýändiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi hem: "Erdoganyň sapary iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar taýdan öwrülişik nokadydyr" diýip aýtdy. 

Haber Türk gazedi: "Türkiýe-Eýran-Russiýa Üçtaraplaýyn sammitden soň umumy jarnama" söz başyly habarynda, Eýranda Prezident Erdoganyň, Eýranyň lideri Raisiniň we Russiýanyň Döwlet baştutany Putiniň gatnaşmagynda geçirilen Üçtaraplaýyn sammitden we umumy metbugatdan soň umumy jarnamanyň çap edilendigini aýan edýär. 

Star gazedi: "Türkiýä bolan gyzyklanma artýar" söz başyly habarynda, Türkiýede daşary ýurtlara satylan ýaşaýyş jaýlaryň iýun aýynda ähli wagtlaryň iň ýokary görkezijisine ýetilendigini, ýylyň ilkinji ýarymynda bolsa ýanwar-iýun rekordynyň täzelenendigini beýan edýär. Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda daşary ýurtlara satylan ýaşaýyş jaýlaryň mukdary 72,7 göterim artyp, 35 müň 383-e ýetdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar